14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Geljekki talyplar üçin ekskursiýalar.

Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde „Açyk gapylar günleri” geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde paýtagtly mekdep okuwçylary boldylar. Olaryň köpüsi üçin bu ýokary okuw mekdebine gelip görmekleri geljekki hünärlerini saýlap almakda gutarnykly çözgüdi etmäge esas boldy. 

TDLU lukmanlary diplomdan soňky taýýarlyk we kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Sona Babaýewanyň belleýşi ýaly, ýaşlaryň hünär saýlap almaklaryna oýlanyşykly çemeleşmäge potensial talyplar üçin guralýan „Açyk gapylar günleriniň” guralmagy, gönüden göni umumy bilim berýän orta mekdeplerde ýokary synp okuwçylary bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, esasn hem paýtagtyň we sebitleriň kiçi lukman işgärleri, bejeriş-öňüni alyş işgärleri bilen duşuşyklaryň geçirilmegi özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. 

Uniwersitete bagyşlanan tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär, onuň fakultetleri boýunça ekskursiýalar guralýar. Ýaşlar sport klubynyň işleýşi, kitaphana, talyp ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak üçin döredilen ýaşamagyň oňaýly şertleri bilen tanyşdyrylýar. 

Ýakyn günlerde mekdeplerde şu okuw ýylynyň gutardyş jaňy ýaňlanar. Mekdepleriň uçurymlary üçin durmuş ýoluny saýlamak üçin jogapkärli döwür gelip ýeter. Bu babatda olaryň hünär saýlap almaklaryna ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlar toparlary hem köp kömek edýärler.

Degişli makalalar

Näme Üçin Meşhur Bolmagy Isleýärsiñiz?

YÖS Sınavına Hazırlık

syrach

Üstünligiň Ýollary