14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi geçirildi.

Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde ýurduň ähli sebitleriniň umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň okuwçylary işleriň altmyşysyny görkezdiler. Sergi ýaş oýlap tapyjylaryň heniz mekdep ýylalryndan öz mugallymlarynyň hem-de pudaklaýyn YBI hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmeklerinde ýaş işläp taýýarlaýjylaryň gazananlarynyň täsir galdyryjy görkezilişi boldy. Olar düýpli ylmy gözleglere işjeň girişýärler. 

Häzirki döwrüň ýokary tehnologiýalary talap etmegine lýyklykda iteraktiw multimediýa ulgamyny peýdalanmak bilen, dürli hünärleri öwrenmek üçin mekdep okuwynyň ähli tapgyrlaryna niýetlenen oglanlaryň işläp taýýarlan tematiki web-saýtlary we kompýuter pragrammalarynyň onlarçasy bu serginiň esasy özeni boldy. Aşgabatly awtorlaryň bilelikde taýýarlan taslamalary has täsirlisi boldy. Olardan 86-njy ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary synp okuwçylary Kerimberdi Agaýewi we Arslan Atabaýewi, Rahym Weliýewi we Osman Abdujepbary, şeýle hem 83-nji mekdebiň onunjy synp okuwçysy Aman Çaryýewi görkezmek bolar. 

Paýtagtyň mekdeplerinden täzeçillik teklipleri – kosmetiki serişdeleri taýýarlamagyň tehnologiýasy, hususanda skrablary, kremleri, ösümlik we tebigy önümlerden pilingleri taýýarlamak boýunça berlen teklipler himiýa we biologiýa mugallymy Alina Rizaýewanyň ýolbaşçylygynda 74-nji orta okuw mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Haltäç Mämmetşäýewa tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Oňaýly kiçi-kosmetiki salonda her bir isleg bildirýän adam kartofelden we nohutdan ýa-da baldan we apelsinden gerek bolan kosmetiki serişdesini taýýarlamak boýunça ussatlyk derejesini alyp biler. Täze ýaş oýlap tapyjynyň belleýşi ýaly, deri bilen bagly meseleler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şonuň üçin hem gymmat bahaly kosmetiki serişdeleri ulanmasyzdan olaryň birnäçesini ýeňillik bilen aýryp bolýar. Haltäjiň taýýarlan kosmetiki serişdelerini eýýäm diňe bir onuň mekdep joralary öwrenmän, eýsem ýokary ýaşly zenanlar hem ulanýarlar. Şonuň üçin hem bu kosmetiki serişdeler barada diňe öwgüli sözler aýdylýar. 

oýlap tapyjylaryň sergilerine yzygiderli gatnaşyp gelýän Aşagabta şäheriniň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Ylýas Gudratullaýew öz täze oýlap tapan serişdesi bilen bu gezek hem bu ýere gelenleri begendirmegi başardy. Ol bu sergide özüniň klasdaşy Hemra Hemraýew bilen bilelikde işläp taýýarlan „täzelikleriniň“ tapgyyrny görkezdi. Olar – awtomobil modulýatory esasynda guralan kiçi radio geçirijiden, elektron massaž edijiden, öz öndüren elektro batereýadan ybaratdyr. Ýaş oýlap tapyjylaryň oýlap tapan täzelikleriniň arasynda eýýäm geçen ýyllardan bäri tanyş bolan USW-wentilýatory bar. Ýöne ol bu sapar has kämilleşdirilen we ylu kuwwatly görnüşde görkezildi. 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ismaýyl Hydyrow hem radiopriýomnik, hem proigrywatel hökmünde işläp biljek radiodolandyryjy wentilýatory ýasady. 
Marydan gelen täzellikçileriň oýlap tapan serişdeleri bu ýere gelenleriň aýratyn üns merkezinde boldy. Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Röwşen Hekimow we Döäran Rahmanow nano-terezileri görkezdiler. Okuwçylar onuň kömegi bilen dürli predmetleriň we maddalaryň hapalanmak derejelerini molekulýar derejede ölçemegi teklip edýärler. Mary şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň ýaş oýlap tapyjylary Kerim Ýazyýewiň we Şörar Şimedowyň elektrik enjamlary bilen howsuz işlemek üçin oýlap tapan ýörite gurallarynyň hem geljegi uly hasap edilýär. 

Aýratyn zehinli çagalar üçin Döwlet mekdep internatynyň okuwçylarynyň oýlap tapan serişdeleri hem aýratyn ünse mynasyp boldy. Daýanç Ýazberdiýew suwdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin kiçi generatory görkezdi, Akbibi Ýazgeldiýewa bolsa, „Poliporus hispidus fr-den“ dermanlyk serişdelerini taýýarlamagyň tehnologiýasy bilen tanyşdyrdy. 

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sona Muhammetgulyýewanyň görkezen işi howa zyňylýan tüsse gazlarynyň ýylylyk energiýasyny gaýtadan peýdalanmak onuň işiniň esasy wezipesi boldy. Şeýle hem Ahal toparynyň Kaka etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Geldi Bekdurdyýewiň oýlap tapan oba öýlerini energiýa bilen üpjün edip biljek gün batareýasy sergide görkezildi. 

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şamyrat Öräýewiň işi ýurduň ykdysady böleginiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek nukdaýnazaryndan ylma goşant boldy. Onuň sergide görkezen işi oba hojalyk meýdanlaryny dökün bilen deň paýlamak üçin innowasion agregatyndan ybarat boldy. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň onunjy synp okuwçysy Bagtyýar Begimkulowyň oýlap tapmasy hem oba hojalyk işleri üçin niýetlenildi. Mugallym Oraz Gylyjowyň halypaçylyk etmeginde ýaş oýlap tapyjy maldarçylykda ulanmak üçin, has takygy agyz suwy bilen baglanyşykly belli kynçylyklaryň bolan ýeri bolan uzak öri meýdanlarynda, gün energiýasy bilen işleýän suwy süýjediji gurluşy oýlap tapdy.

Degişli makalalar

Bişkekde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Tegelek Stol Geçirildi

Türkmenistanyň arheologiýasynda we ýadygärliklerini rejelemekde gazanylýan üstünlikler.

syrach

Agrar Ýokary Okuw Mekdebiniň Talyplary German Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Öndürilişiniň Tehnologiýasy Bilen Tanyşdylar