37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Gepleşikleriň Dowamynda Halkara Ulag-Üstaşyr Geçelgesiniň Işini Işjeňleşdirmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 12-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.

Türkmen wekiliýete ulag ulgamyna jogapkär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Eýran wekiliýetine EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi we geljekki ösüşi babatdaky meseleler, sebitleýin we halkara ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny emele getirmek boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine pandemiýa bilen bagly ýetjek täsiriň öňüni almak üçin bu ulgamda alnyp barylýan çärelere we iş ýüzünde durmuşa geçirilýän hereketlere seredildi. DIM

Degişli makalalar

Aşgabat V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ildeşlerimizi Türkmen Gawunynyň Güni Bilen Gutlady