24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Wekiliýetiniň Agzalary Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Wekiliýetiniň Agzalary Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary, onuň Hemişelik komitetiniň baş sekretary jenap Wan Çen ýolbaşçylyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyran özara döwlet saparlarynyň barşynda iki ýurduň Liderleri tarapyndan ylalaşylan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meýilnamasy nukdaýnazardan möhüm häsiýete eýe bolýar. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy hem-de onuň täze ugurlaryny, şol sanda ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika we senagat, ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi.

Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýän şertnama-hukuk binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Muňa parlament wekiliýetleriniň yzygiderli geçirýän duşuşyklary we özara saparlary hem-de Türkmenistanyň Mejlisi bilen HHR-iň Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi hem şaýatlyk edýär, bu toparyň işi okgunly ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berer.

Gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, ynam we özara düşünişmek ýörelgeleri ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär, bu gatnaşyklar dürli derejede yzygiderli geçirilýän netijeli gepleşikler bilen berkidilýär. Muňa şu ýyl Türkmenistanda we Hytaýda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleriň çäklerinde geçirilen ylmy-amaly maslahat, medeni çäreler we sport ýaryşlary şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meselesine aýratyn üns berildi.

Degişli makalalar

Tanymal Türkmen Nakgaşlarynyň Watan Goragçylaryna Bagyşlanan Işleri

turkmenhabargullugy

Dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 9-njy Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

turkmenhabargullugy