19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

“Sanly çözgüt-2020” Atly Innowasion Taslamalaryň Bäsleşigi

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşigiň ugurlary:

– saglygy goraýyş
– ylym we bilim
– senagat
– ulag we kommunikasiýa
– hyzmatlar ulgamy
– orta we kiçi telekeçilik
– akylly şäher

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary bäsleşigiň ugurlary boýunça özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2020» atly halkara sergisiniň geçirilýan günleri jemlener.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13

Degişli makalalar

Petank Türkmenistan

syrach

TÜRKMENSTAN GARAŞSYZLYGYNYŃ 19 ÝYLLYGYNY ULY DABARA BILEN BELLEÝÄR

syrach

Brýusselde «Türkmenistan-ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

turkmenhabargullugy