37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Gidrogel

Gidrogel toprakda çyglylygy toplamak we ony uzak wagtlap saklamak üçin peýdalanylýar. Ol topragy şemalladyjy hasaplanylýar. Gidrogel suw bilen garylanda çişýär we göwhere meňzeýär. Ol suwaryş wagtynda, ýagyşdan, şeýle hem säher bilen düşýän çygdan çyglylygy özüne siňdirip bilýär. Gidrogel ösümlikleriň iýmitleniş zolagyna ýerleşdirilende, ol ösümligi suw bilen hemişe gerekli mukdarda iýmitlendirip durýar. Şeýle hem gidrogel özünde ösümlik üçin ähli gerekli bolan mineral maddalary, duzlary saklaýar. Şeýle ýagdaýda gidrogele suw guýup durmak ýeterlikdir. Gidrogeli açyk howada, ýyladyşhanalarda, otag ösümliklerini ösdürip
ýetişdirmekde peýdalanmak mümkin. Gidrogel otag ösümlikleri üçin peýdalanylanda, olaryň suwaryş ýygylygy bir aýa çenli peselýär. 1 gram gidrogel özüne ep-esli mukdardaky suwy siňdirip bilýär. Bu enjam doňdurulsa-da, guradylsa-da, özüniň güýjüni ýitirmeýär. Onuň dürli reňklerdäki görnüşleri bar.

Azat DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Bereketli Toprak Gazeti

Degişli makalalar

Onlaýn Teleýaýylym

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady

Milli Liderimiz Saglygy Goraýyş we Bilim Meseleleri Boýunça Maslahat Geçirdi