24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awaza Dynç Almaga Geldiler

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awaza Dynç Almaga Geldiler

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi.

Şonda milli Liderimiz Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Ine, şu gün bolsa goňşy ýurduň dürli sebitlerinden –Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdiler.

Özbek okuwçylarynyň ýany bilen olaryň mugallymlaryndan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň halk bilim, saglygy goraýyş ministrlikleriniň, milli teleradio kompaniýasynyň, “Tomoşa” çagalar teatrynyň wekilleri we beýlekiler geldiler.

Awazanyň ýaş myhmanlaryna dynç alyş döwründe deňiz türkmen şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler garaşýar. Özbek okuwçylary Awazada 25-nji maýa çenli dynç alarlar.

Ýurdumyzyň bilim, daşary işler, medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň häkimligi, TNGIZT çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny guraýarlar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanda Belarusuň Medeniýet Günleri Geçirildi

syrach

Prezidentimiz “Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagynda Welosipedli Gezelenç Etdi

syrach