19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Bakuda geçirilýän Yslam Raýdaşlyk Oýunlarynda Türkmen Agyr Atletikaçyary Altyn we Kümüş Medala Eýe Boldular

Bakuda geçirilýän Yslam Raýdaşlyk Oýunlarynda Türkmen Agyr Atletikaçyary Altyn we Kümüş Medala Eýe Boldular

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, dünýäniň 57 ýurdundan türgenleriň 3 müňe golaýyny ýygnan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň barşynda türkmen türgenleri agyr atletika boýunça ýaryşlarda altyn we kümüş medallara eýe boldular. Oýunlaryň çäklerinde Baku şäheriniň “Mariot” myhmanhanasynda Aziada-2017-niň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Biziň türgen gyzymyz agramlygy çekip galdyrmakda agramy 88 kilogram bolan ştangany, itip galdyrmakda bolsa 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmagyň hötdesinden gelip, bäsleşigiň iki görnüşinde 193 kilogram toplady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdiniň artykmaçlygy jedelsiz boldy: onuň ýakyn bäsdeşi ýeňijiden alty kilogram yza galdy.

Kümüş medala bolsa Gülnabat Kadyrowa (69 kg çenli) mynasyp boldy. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada gatnaşyjynyň jemleýji netijesi 224 kilograma we çekip galdyrmakda 99 kg deň boldy. Agyr atletikaçy türkmen zenany çykyşlaryň iki görnüşinde hem täze milli rekordlary, ozalkydan 4 kilogram köp bolan üstünligi gazandy. Ştangany itip galdyrmakda türkmen türgen zenany 115 kg agramlygy galdyrdy.

Mariýa Lohowa 70 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça turnirde bürünç medala mynasyp boldy. Bäsleşikleriň barşynda ol Özbegistandan gelen Gülnoze Matnyýazowadan yza galdy, emma üçünji orun ugrunda tutluşygyň eýýäm ikinji minutynda Marokkonyň ýygyndy toparynyň wekili Hafsa Ýatimiden üstün çykmagy başardy.

Tennis boýunça ýurdumyzyň zenanlarynyň ýygyndy toparyndan Jahan Baýramowa, Anastasiýa Prenko we Güljan Muhammetkulyýewa çekeleşikli bäsleşikde Azerbaýjanyň toparyny (2:1), şeýle hem Pakistanyň toparyny ýeňip (3:0), bürünç medala mynasyp boldular.

…Suwda ýüzmek boýunça turnirde çykyş edýän Merdan Ataýew hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde tapawutlanmagy başardy. Düýn ol 100 metr aralyga arkalygyna ýüzmegiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmek hukugyny gazandy. Şu gün ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň okuwçysy bu tapgyrda wise-çempion adyna mynasyp boldy.

Şu günki üstünlikleri nazara almak bilen Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň eýýäm 5 medaly (altyn, iki sany kümüş we iki sany bürünç) toplandygyny bellemek gerek. Munuň özi biziň türgenlerimiziň umumy toparlaýyn çykyşlarda güýçli toparlaryň onlugyna girmegine mümkinçilik berdi.

Ýeri gelende ýatlasak, 14-nji maýda türkmen türgenleriniň ýene-de biri—Horasan Ymamkulyýew 60 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça ýaryşlarda sylaga mynasyp boldy. Ol iki tutluşykda ynamly ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy.

Şu gün Baku şäherinde IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň çäklerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guraldy.

Bu ýerde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi guraldy. Onda döwürleýin neşirler we bukletler, toplumlaýyn ýaryşlaryň nyşanlary şekillendirilen dokma önümleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplary görkezildi.

Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýan hem-de milli Liderimiziň gös-göni ýolbaşçylygynda we gatnaşmagynda geçirilýän giň gerimli sport çäreler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni giňden ösdürmäge, Türkmenistanyň halkara sport çärelerine goşulmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri barada diwarlyklarda görkezilen köp sanly žurnallar we metbugat neşirleri beýan edýärler.

Dabarada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekili çykyş edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi hakynda gürrüň berdi.

Onuň belleýşi ýaly, Aziada-2017-niň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygaryny doly derejede şöhlelendirmek bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge we wagyz etmäge uly üns berilýär. Dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar etmek, parahatçylygyň ilçisi bolup hyzmat edýän sporty wagyz etmek jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdyn neslini terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler uzak möhletleýin esasda milli ösüşiň strategiýasynda mynasyp orun eýeleýär. Sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny amala aşyrmagyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmäge ägirt uly üns bermegi netijesinde häzir Türkmenistanda bu hereketiň tarapdarlary artýar, jemgyýetde uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli badalga berlen atly ýöriş ajaýyp pikir bolup durýar.

Umuman, Türkmenistana-Merkezi Aziýada ilkinji ýurda Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy berlen wagtdan bäri örän uly işler, şol sanda hukuk nukdaýnazaryndan uly işler geçirildi. Mysal üçin “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Hünär sporty hakynda” hem-de “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Aşgabatda halkara sport media-forumlarynyň birnäçesi geçirildi, olar Türkmenistanda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri dünýä ýüzüne giňden ýaýmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň wekili öz çykyşynda türkmen türgenleriniň ýylsaýyn artýan mümkinçilikleri barada belledi. Muňa mysal hökmünde Aziýa çempionatlarynyň üçüsi-ýakynda paýtagtymyzda geçirilen kikboksing, agyr atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar getirildi. Şol ýaryşlaryň barşynda watandaşlarymyz 96 medal (30 sany altyn, 32 sany kümüş we 34 sany bürünç) gazandylar. Kikboksing boýunça turnirde bolsa biziň watandaşlarymyz umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler.

Şeýle hem dabarada Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabadyň köp sanly binagärlik desgalary, ägirt uly aerowokzal toplumyň gurluşygy, ýurdumyzyň sport düzümi we beýlekiler barada gürrüň berildi.

Nobatdaky Aziýa oýunlary geljek ýyl Jakartada (Indoneziýa) geçiriler. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň wekiliýeti geljekki toplumlaýyn ýaryşlaryň paýtagtyna baryp, oýunlaryň guramaçylary bilen duşuşdylar. Türkmen milli göreşini Aziada-2018 maksatnamasyna girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu teklip Indoneziýanyň Guramaçylyk komiteti tarapyndan makullanyldy, dabaranyň barşynda bellenilişi ýaly, indi Türkmenistan diňe Aziýa ýurtlarynyň däl-de eýsem, dünýäniň beýleki sebitleriniň sport guramalarynyň goldawyna eýe bolýar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Serhetçileriň Tälimlerini Gözden Geçirdi we Serhet Galasynyň Täze Toplumyny Açdy

syrach

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Öz Işine Başlady

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

syrach