35.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Grek-Rim Boýunça XI Spartakiadanyň Ýeňijileri Belli Boldy

Ýakynda «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubeletligiň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň düzümine girýän grek-rim göreşi boýunça tamamlandy. «Galkynyş» sport toplumynda guralan bu ýaryşda pälwanlar 10 agram derejesinde güýç synanyşdylar.

Ýaryşyň netijesinde R.Kurbanow (55 kg.), U.Durdyýew (60 kg.), Ş.Jumaýew (63 kg.), D.Orazberdiýew (67 kg.), H.Gurbanmyradow (72 kg.), G.Artykow (77 kg.), Ş.Kabulow (82 kg.), Y.Belliýew (87 kg.), Ş.Annaýew (97 kg.), S.Belliýew (130 kg.) dagylar öz agram derejesinde I orna eýe bolmagy başardylar.

Şeýle-de pälwanlaryň gazan ýeňişleriniň jeminde umumy toparlaýyn I orna Aşgabat şäheri, II orna Lebap welaýaty, III orna Mary welaýaty mynasyp boldy.

Altyn REJEPOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby

çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Açylyş Dabaralary

Aziýanyň Çempionlarynyň Hatarlary Dolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyzda we Ahal Welaýatynda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy