21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Milli bäsleşikden – Aziýa çempionatyna çenli.

Türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň taekwondo (ITF ugry) boýunça bäsleşikleri tamamlandy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Taekwondo federasiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bäsleşiklere ähli welaýatlardan we Aşgabatdan reňkli we gara guşaklaryň eýesi bolan türgenleriň 120-ä golaýy gatnaşdy.

Taekwondo geçen asyryň ortalarynda söweş sungatynyň görnüşi hökmünde Koreýada döredi we häzirki döwürde biziň ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň şeýledigine türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň hatarlarynda muşdaklaryň müňlerçesiniň bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Gündogar söweşleriniň bu görnüşi biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerine yzygiderli ýaýraýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň häzirki çempionatynda ýaryşlara ilkinji gezek Daşoguz welaýatyndan taekwondoçylaryň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Taekwondo türkmen mekdebi (ITF) häzirki wagtda halkara sport giňişliginde ýaşlygyna garamazdan özüni tanatmagy başardy. Diňe geçen ýylyň dowamynda biziň taekwondoçylarymyzyň ussatlygy netijesinde Türkmenistanyň sport üstünliklerine dürli derejedäki sylaglaryň onlarçasy goşuldy.

Mysal üçin, geçen ýylyň tomsunda Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda halkara derejeli türkmen emini Aýdogdy Atabaýew ýaryşlaryň iň adalatly emini diýlip ykrar edildi we ýörite baýrak bilen sylaglandy.

Şol tomus paslynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda türkmenistanlylar dokuz medala – bir altyn, bäş kümüş we üç bürünç medallara mynasyp boldular.

Türkmen taekwondoçylary öz üstünlikli çykyşlaryny Özbegistanyň Buhara şäherinde dowam etdiler, bu ýerde olar taekwondo boýunça Orta Aziýanyň kubogyny almagy başardylar. Şonda biziň türgenlerimiz dört gezek birinji orna, dört gezek ikinji we şonça gezek üçünji orunlara mynasyp boldular.

Soňra Belarusuň kubogy ugrundaky açyk ýaryşlarda türkmen taekwondoçylary altyn medallaryň ikisine we bir kümüş medala eýe boldy.

Häzirki wagtda türgenlerimiz aprel aýynda Nepalda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň şu gezekki birinjiliginiň çäklerinde geçirilen bäsleşikler bu iri halkara ýaryşyna taýýarlanmagyň möhüm tapgyry boldy.

Ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşyjylar kumite (bäsleşik) we tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça medallary almak üçin güýç synanyşdylar. Toplumlaýyn maşklar boýunça soňky ýyllarda maryly türgenler tapawutlanýarlar, muny ýurdumyzyň geçen ýylky çempionaty görkezdi: şonda birinji we ikinji orunlary Murgap jülgesiniň türgenleri eýelediler. Şu gezek toplumlaýyn maşklarda maryly türgen O.Çaryýew hem birinji orna mynasyp boldy.

Toplumlaýyn maşklar boýunça ýaryşlarda zenanlaryň jemleýji jübütiniň çykyşyny aýratyn belläp geçmeli. O.Orazowa we M.Agaýewa öz çykyşlaryna çenli birnäçe minut öňünden toplumlaýyn maşklarda öz aralarynda 51 kilograma çenli agram derejesiniň final ýaryşynda bäsleşdiler. Çekeleşikli ýaryşda M.Agaýewa ýeňiş gazandy, toplumlaýyn maşklarda bolsa O.Orazowa birinjilige eýe boldy. Türgen zenanlaryň ikisi ýene-de Mary welaýatynyň toparlaryndan boldy.

Ýeňijiler barada aýdylanda bolsa, bu babatda marylylar altyn medallaryň köpsanlysyna mynasyp boldular. Aşgabatlylar birneme az ýeňiş gazandylar. Balkanlylar hem altyn medalsyz galmadylar. Olar soňky ýyllarda ussatlyklaryny has kämilleşdirdiler.

Türkmen taekwondoçylary Aziýanyň Nepal ýaryşyna taýýarlyk görmekden başga ýene-de bir has ähmiýetli ýaryşa – ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler, şol oýunlar biziň paýtagtymyzda geçiriler. ITF ugry boýunça taekwondo 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak üçin dalaşgärleriň biridir.

Degişli makalalar

Täze Galkynyş eýýamynyň täze desgalary

syrach

Türkmen 3×3 Basketbol Topary Altyn Medallaryň Ugrunda

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlary Fotusuratlary 1

turkmenhabargullugy