19.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýç Arçaýewiç Garaýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.

***
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli azyk önümlerini, harytlary we materiallary Russiýa Federasiýasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Degişli makalalar

Gök Ekinleri Ýetişdirmäge Telekeçileriň Goşandy

Nebit, Dokma Önümleri, Pagta Süýümi we Bugdaý Birža Söwdalarynyň Esasy Önümleri Boldy

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň DIM-niň Hem-de Oba Hojalygy we Tebigaty Goramak Ministrliginiň Işgärleri UNEP-iň Strategiýasyny Onlaýn Görnüşde Ara Alyp Maslahatlaşmaga Gatnaşdylar

turkmenhabargullugy