23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Alymlara Bagyşlanan Sergi Açyldy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Alymlara Bagyşlanan Sergi Açyldy

Sergide türkmen arheologlaryna bagyşlanan eserlere köp orun berlipdir. Olaryň arasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň „Geçmişiň penjiresi“ atly suraty aýratyn orun eýeleär. Onda akademik Wiktor Iwanowiç Sarianidi Goňurdepeden tapylan bahasyna ýetip bolmajak gadymy adamlaryň elde ýasan zatlarynyň gapdalynda şekillendirilipdir. Suratda at-owazasy dünýä belli parasatly alym bize bakyp dur, onuň ylmy zehini bilen dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly açyşlar edilipdi.

Wladimir Artykowyň „Gözleýjliler“ eserinde Garagum çölüne gelen arheologlaryň işleri geçirmek we ýaşamak üçin lager gurnaýan pursady şekillendirilipdir. Surat birsydyrgyn sarymtyl-goňras görnüşde çekipdir, bu bolsa tomaşaçylaryň ünsüni türkmen halkynyň taryhy senenamasyna täze sahypalary ýazýan arheologlaryň çylşyrymly we güzaply işine çekýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurowyň „Diýarymyň gyzlary“ atly eserinde edaralaryň birinden gyzylaryň bir toparynyň işden çykan pursady çekilipdir. Ýöne onuň ylyma näme dahyly barka? Emma binanyň sütünlerine, bezegine, kaşaň gapysyne gözüň düşenden onuň Türkmenistanyň Yymlar akademiýasynyň institutlarynyň biridigine düşünýärsiň, – diýmek gyzlaram şol edaranyň ýaş hünärmenleri bolmaly. Ýiti reňkler olaryň gözelligini we täze açyşlara höwesini nygtap görkezýär.

Käbirleri adamyň hünäri daş keşbine-de täsir edýär diýýärler. Türkmenistanyň halk nakgaşy Yzzat Gylyjow hem „Fizikler“ suratyny çekende şundan ugur alan borly. Onda gün şöhlesini energiýa öwürmek bilen meşgullanýan ýaş alymlaryň topary bir meseläniň çözgüdini gözleýärler. Olaryň keşbinden ylma erjellik duýulýar. Eser geçen asyryň 70-nji ýyllarynda çekilen bolsa-da, ol häli-häzirem döwrebaplygyna galýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Tokar Tugurow hem „Olar Güne erk edýärler“ eserini fiziklere bagyşlapdyr. Tokaryň özem ozal fizik eken, ýöne durmuşda halan ugruna gol berip, ol nakgaş bolupdyr. Onuň suratlarynda hut Tokaryň özüne mahsus tilsim duýulýar – gahrymanlaryny tutuk reňklerde çekse-de, olaryň ýüzüne güneş nury çaýylan.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň „Ylym pagtaçylaryň kömekçisi“ işi hem 70-nji ýyllarda çekilipdir. Gowaça meýdanynda seçji-alym agronomdyr, topar ýolbaşçysy we mirap bilen gowaçanyň täze görnüşiniň hasyllylygyna baha berýär. Çeperçilik usulynyň hakykata golaýlygy, açyk reňkler ulanmagy bu ussadyň özbluşly tilsimidir. Onuň uly göwrümli işiniň gapdalyndaky iki sany kiçeňräk işi goýlupdyr, olar bütewi triptihe meňzeýär. Ýöne olara içgin syn etseň, olaryň uly iş üçin ulanylan etýudlardygyna düşünýärsiň. Olaryň birinde ertekidäki Aýbolite meňzeş äpet sakally garry professor şekilendirilen bolsa, beýlekisinde dogumly zenan – agronomyň suraty bar. Özem uly suratda zenan keşbi üýtgedilmedik bolsa, professoryň keşbinde täzeçillik peýda bolupdyr.

Sergide goýlan eserleriň aglabasy muzeýde häzire çenli köpçülige görkezilmedik tanymal nakgaşlaryň çeken eserlerdir, şo sebäplem sergi ýaş alymlar üçinem, ýaňy döredijilik ýoluna düşen nakgaşlar üçinem gyzyklydyr.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşren Ýuriý ŞKURIN

 

Degişli makalalar

Saýlawlaryň Öňüsyrasyndaky Möhüm Tapgyr

turkmenhabargullugy

Talyplar Futzal Meýdançasynda

Üstünlige Ýetmek Biziň Öz Elimizde!