26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar

Gurbannnazar Ezizow: Sözleriň Jadyly Hünjüsi

ХХ asyr türkmen şahyrlarynyň arasynda Gurbannazar Ezizow iň saýrylaryň biridi. Diri gezip ýörenliginde şu ýylyň 1-nji martynda 80 ýaşyny toýlardy. Ýöne keç ykbal oňa bary-ýogy 35 ýaş eçildi. Bu känmi ýa az? Ynsan ömründen çen tutsaň ujypsyz, tüýs gülläp-pajarlaýan çagy! Ýöne ylahy zehinli, diňe bir öz sözüni aýdyp ýetişmän, eýsem edebiýat taryhynda ymykly orun tutup, minnetdar halk hakydasynda hemişelik galmagy başaran şahyr üçin welin, hasap başgaça ýöredilýär. Şahyra ömrüne her dürli baha berilýändigi barada Eziziow bir kinaýaly goşgy hem ýazypdy, onuň manysy adamlar halan goşgusyny ýetginjekmi ýa goja goşdy – oňa parh goýmaýarlar. Söz ussadynyň dünýeden gaýdanyny eşidenlerinde, goý, ol ýüz ýaşan bolaýsyn, oňa: «bende ir gitdi-dä» diýerler.

Beýleki bir genial rus şahyry, Nikolaý Gumilýowy ýada salýarsyň. Onuň hem ömri gysga bolsa-da, köp zada ýetişipdi, ýöne adalatsyz, hiç hili bagyşlanmajak gülläniň pidasy bolupdy. Dürli dillerde, dürli medeni gatlakda eser döreden düýpgöter saýry bu iki şahyryň diňe bir ýaşan ýaşy we pajygaly ölümi deň gelmän, eýsem olaryň zehininiň möçberi-de, şygyrlarynyň baş temasy-da bir-biriniňkä kybapdaş. Bilşimiz ýaly, Gumilýow Russiýada hat-da adyny tutmagam hatyraly bolup, tas ýatdan çykyberende – wepat bolandan ýetmiş ýyl geçen soň okyjylaryň täze nesline ýetirilipdi we dünýä belli bolupdy.

Gurbannazar Ezizowa, gowy ýeri, şeýle ýowuz ykbal ýazylman eken. Oňa heniz aýatda gezip ýören wagty mynasyp baha berildi, ýanalmalara sezewar bolmady, 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda atylan gülläniň ömür tanapyny kesen döwründen geçen 45 ýylyň dowamynda-da onuň ady barha belende galdy. Türkmen mekdeplerinde ady kitaplara girizildi, şahyryň kitaplary, şol sanda iki jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi, onuň döredijiligi barada ylmy barlaglar, makalalar, döwürdeşleriniň ýatlamalary çap edildi.

Ýöne wagt geçip dur, Ezizowyň dostlarydyr deň-duşlary barha azalyp barýar. Şonuň üçinem ony ýakyndan tananlaryň, onuň joşgunly goşgularyny diňlänleriň bu üýtgeşik şahsyýet barada ýatlamalary ömürlik kalbyna siňdirenleriň maglumatlary has-da gymmatly. Biz şu ýerde Gurbannazar Eizowy tananlaryň käbiriniň sözlerini getirýäris.

Aleksandr ABORSKIÝ, edebiýaty öwreniji:

Ol özüne gaty talapkärdi, poeziýa ýürekden berlendi, ýoldaşlarynyň döredijilik üstünligine guwanyp bilýän seýrek adamlardandy… Hiç işi göz üçin etmezdi, ýasamalyk asla oňa ýatdy. Ezizowyň hut özüne mahsus döredijiligi çalt ösdi. Oňa diňe bir kitaplaryň däl, eýsem daş-töwereginiň, hossarlarynyň we halypalarynyňam täsiri ýetipdi. Çagalyk we ýetginjek döwri kärine ökde zergär kakasy bilen söhbetdeşlikleriň ähmiýeti uludy. Ataly-ogluň arasynda diňe ganybirlik gatnaşygy bolman, eýsem bir-birine üýtgeşik ýakynlyk bardy. Kakasy ogly üçin ynamdar hem maslahatçy iň ýakyn adamdy, ol bu barada bize ençeme gezek gürrüň beripdi. Eziz aga edil maşgala agzalary ýaly, oglunyň tirkeşýänleri bilenem gatnaşyk saklardy. Gurbananzaryň ata barada goşgusy hem bar. Ýaş şahyra hemaýat berip, ony uly edebiýat älemine goşan halypalarynyň arasynda onuň şahyr hökmünde kemala gelmeginde Kerim Gurbannepesowyň goldawy hasam uludyr.

Kerim Gurbannepesowyň Ezizowa guwanýandygy olary tanaýanlar üçin syr däldi. Goşun hatarynda gulluk eden döwri ýaş şahyryň halypasy-hemaýatkäri bilen hat alyşmagy adaty habar alyşmak däldi. Alysdaky harby bölümden tankçy esger Ezizowyň Aşgabada ugradan özüne maýyl ediji hatlarynda türkmen edebiýatynyň dürli ugurlary, ýaş türkmen poeziýasynyň wajyp meseleleri, onuň geljegi barada pikir ýöredilýärdi.

Ezizow ykbalyň özüne eçilen gysga ömründe milli poeziýamyza saldamly goşant goşdy. Onuň goşgylarynyň owazynda hakyky şahyryň ýüzi görünýär. Ol hemişe şol «ýüzi» «nikaba» garşy goýup, oňa aýratyn üns bererdi. Onuň döredijiligi heniz jahyl döwründäki ilkinji ädimlerinden başlap, döwür we özi hakda çynlakaý oýlanmalardan doly, dünýä hasratlarynyň we elhençlikleriniň köpüsine seslenýärdi. Onuň döredijiligi ýagşy umytlardan doly, sagdyn, ýagşylyga, zähmete we abraý-mertebelilige çagyrýar.

Kerim GURBANNEPESOW, şahyr:

Gurbannazaryň liriki gahrymany – mert, aşyk, parasatly, batyr. Onuň pikirleri garaşsyz, duýgylary çuňňur. Ol seniň bilen durmuşyň manysy we maksady barada çynlakaý gürrüň edýär: maksada ýetmek üçin özüňi gaýgyrmaly däl, işiňe durkuň bilen berilmeli – diýýär. Onuň Onuň lirikasy oý-pikirlere, durmuşda görenlerine filosofik baha bermäge ymtylýar. Täzeçilligine garamazdan, onuň lirikasy milli poeziýa ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanşykly.

Annaberdi AGABAÝEW, şahyr:

Gurbananzar Ezizow sözi inçelik bilen duýardy. Söz onuň üçin beýgeldip we kemsidip, gaýtadan jan berip we öldürip bolýan janly bir zatdy. Ol özüne zabun darardy, her setirini, her sözüni sünnälärdi. Ýöne ýaş şahyrlaryň goşgularynda şowsuz, leji çykan sözlere, metaforalara, solak obrazlara gabat gelende welin, gazaba münerdi. Altmyşynjy ýyllarda biz «edebi oturşyklary» kän geçirerdik, şolarda ol gaharyndan ýaňa sakawlap: «Neneň söze beýle darap bilýäň!» -diýip gygyrardy. Özem edil iň ýakyn dosty kemsidelen ýaly çyny bilen gaharlanardy.

Onuň diňe bir ene dilini ajap bilşi däl, eýsem gaýry sözleriň manysyna-da çuňňur aralaşyp bilşi haýran edýärdi. Uly şäherlerden alysda (onuň çagalygy Gökdepede we Büzmeýinde, Kükürt zawodynda we Tejende geçipdi), ösüp-kemala gelse-de, rus dilini, rus sözlerini inçelik bilen bilşi köp kişini geň galdyrýardy, ýogsa ol aksentli gürlärdi.

Ikar PASEWÝEW, žurnalist:

Onuň gözleri mawydy, çaga ýaly ýaýdanjaň ýylgyrardy. Men degşip, oňa «nazaryň gurbany» diýerdim, dogrusy Gurbannazar adyny rusça geçirseň «nazarymy saňa bagş etdim, ony saňa gurban edýän» bolmaly. 1957-nji ýylda baharyň başynda şygyryň aşygy we oňa gowy düşünýän inžener Gurt Annalyýew uzyndan arryk, öz pikirine gümra mekdep okuwçysy Gurbannazary yzyna tirkäp çagalar gazetiniň redaksiýasyna gelýär. Geljekki halk ýazyjysy, umumy dostumyz, şol döwürler gazetde poeziýa bölüminiň müdiri bolup işlän Nury Baýramowyň aýtmagyna görä, Gurt onuň gulagyna pyşyrdap: «Bu ýigidem siziňkilerden, şahyrlar taýpasyndan. Özem hakyky şahyr!» -diýipdir. Çekinjeň okuwçynyň goşgylary ünsüňi özüne çekýärdi, ýaş awtoryň diňe bir türkmen poeziýasyny däl, eýsem dünýä poeziýasyny-da gowy bilýändigi duýulýardy. Şondan soň ol gazete gatnap ugrady, goşgulary çap edilýärdi. TDU-ny tamamlandan soň şol redaksiýada işläpdem. Nury onuň dördijiligini gözden salmazdy, Magtymgulynyň ussat zergär bolandygyna kakdyryp, Gurbannazar hem poeziýanyň zergäri diýerdi. Gurbannazaryň goşgylary we poemalary 60-70-nji ýyllaryň ýaşlar poeziýasynyň naýbaşylarynyň biri bolupdy.

* * *

Eziziowyň bakyýete giden dostlarynyň dördüsiniň şu ýerde getirilen sözleri olaryň dürli ýyllarda çap edilen ýatlama oçerklerinden alyndy, olar, gürrüňsiz, şahyryň deň-duşlarynyň we ruhy halypalarynyň ýazan beýleki ýazgylary bilen birlikde gaýtadan neşir edilmegine mynasyp işler. Onuň kompozitor Nury Halmämmedow bilen döredilikli hyzmatdaşlygy, ýakyn dostlugy, şahyr Ýuriý Rýabinin bilen berk dostlugy aýratyn gürrüň edilmegine mynasyp, bu barada entekler ençeme gezek aýdylar hem ýazylar. Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginiň islendik uly şahyryňky ýaly esasy syry: ony nädip ýazdyka? Ol poeziýa jadysyny kemala getirýän sözleriň jadyly hünjüsini nädip düzüp bildikä? – diýdirýärdi. Elbetde, ol ene dilinden ylham alýardy, özüni söz sürüsiniň çopany saýýardy.

Degişli makalalar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň Ilkinji Hormatly Raýaty

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Aşgabatda Türkmen-Gyrgyz Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi