27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Ilçihanasy Buharestde Medeniýetara Festiwala Gatnaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde her ýyl geçirilýän «Bahary garşy alýarys» atly festiwal gurady. Çäre Buharestde, Russiýanyň ylym we medeniýet merkezinde guraldy, oňa gatnaşan her ýurt öz milli stendini görkezdi.

Rumyniýanyň dürli edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Buharestiň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, rumyn paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar festiwalyň myhmanlary boldular.

Amaly-haşam sungaty eserleri, kitaplar, maglumatlar bukletleri we fotosurat materiallary türkmen halkynyň däp-dessurlary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri hem-de gözel tebigaty, Türkmenistanyň dürli ugurlarda häzirki gazananlary, ak mermer Aşgabat bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem bu ýere gelenler ýurdumyzyň häzirkizaman taryhynyň şanly senesi – hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlygyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Myhmanalara datly türkmen tagamlary hödür edildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýurduň Taryhy-Medeni Ýadygärliklerini Gorap Saklamak Boýunça Gazna Dörediler

«Bereketli» HJ Ýörüteleşdirilen Dükanlarynyň Sanyny Artdyrýar

Türkmenistanyň Wekilleri Howanyň Üýtgemegi Boýunça Daşkent Duşuşygyna Gatnaşarlar