25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustynda baglaşylan Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmek we bilim-terbiýeçilik edaralaryny kompýuterler bilen enjamlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligine Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetine berilýän 50 million hytaý ýuany möçberde tölegsiz grantyň hasabyna ýurdumyzyň bilim edaralaryny kompýuterler bilen enjamlaşdyrmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Lenovo” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga, tölegsiz granty peýdalanmak barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetine berilýän, ýurdumyzyň bilim edaralaryny kompýuterler bilen enjamlaşdyrmaga gönükdirilýän grant boýunça hasaplaşyk amallaryny geçirmek barada Hytaýyň ösüş banky bilen ylalaşyga gol çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da berkitmek, kämil ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmyň möhüm ugurlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan dissertasiýalara mynasyp baha bermek hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem “Alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda çykaran 10928-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda dissertasiýalar goralanda daşary ýurtlardan çagyrylan alymlaryň gatnaşmagy bilen bagly çykdajylary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy.

* * *

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň suw hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek arkaly ýurdumyzyň ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyny gowulandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek hem-de suw hojalyk desgalary boýunça bellenen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine 100 sany buldozeri we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Çelýabinskiý traktorynyý zawod-URALTRAK” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň resmi wekili “Torgowyý dom ”Ýaraw” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen; 200 sany ekskawatory we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Katerpillar” kompaniýasynyň resmi wekili “Zeppelin Internasional AG” kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Stambul Şӓherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 Ýyllygy Mynasybetli Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach

Nebitgaz Toplumy

turkmenhabargullugy

Prezidentimiziň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

syrach