23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Naýbaşy Ligasynda Bäşinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

11-njy iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyrda garşydaşlaryndan üstün çykan “Daýhanbank”, “Gümrükçi” hem-de “Köpetdag” toparlary 12 utukdan toplap, ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler.

Bu tapgyrdaky “Senagatbank” bilen “Deňizçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň wagty soňa süýşürildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň altynjy tapgyry 13-nji iýunda geçiriler.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Energetika diplomatiýasy: gepleşikler çäkleri giňeldýär.

syrach

Köneürgençden Türkmenbaşa çenli 53 günlük uzak aralyga pyýada ýörişi tamamlandy.

syrach

Türkmenistanda Halkara Okuw Maslahaty Geçirilýär