01.12.2025
YKDYSADYÝET

Gyrgyzystan Ýewraziýa Ykdysadyýet Bileleşigine Agza Boldy

Russiýa, Belarus we Gazagystan tarapyndan döredilen Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigine Ermenistandan soň Gyrgyz Respublikasy agza boldy.
Russiýanyň paýtagty Moskowada Kreml köşgünde Ýewraziýa Ykdysadyýet Bileleşiginiň çäginde iş alyp barýan Ýokary Ýewraziýa Ykdysadyýet geňeşiniň maslahatynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksander Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan we Ýewraziýa Ykdysadyýet komissiýasynyň başlygy Wiktor Hristenko gatnaşdy.
Maslahatda liderler tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigine agzalygy baradaky şertnama gol çekişildi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew Türkiýäniň bileleşigiň hyzmatdaşy bolup biljekdigine ünsi çekdi we “Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Gazagystanda resmi saparda boldy. Jenap Erdogan Türkiýäniň Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigi bilen söwda şertnamasyny baglaşmak isleýändiklerini aýtdy we bu meseläni ara alyp maslahatlaşalyň”diýdi.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy

Täze Elektrik Beketleri Ýurdumyzyň Kuwwatyny Artdyrýar

Mermerdir Granitden Dürli Bezeg Daşlaryny Çykarýan Kärhananyň Ümzügi Ileri