20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa Üçin ÖADSM-niň Täze Bellenen Başlygyny Kabul Etdi

2015-nji ýylyň 8-nji maýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Petko Draganowy kabul etdi.  

Şahsy duşuşyk üçin döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, myhman Döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Pan Gi Munyň türkmen halkyna ýollan iň ýakymly arzuwlaryny we mähirli sözlerini ýetirdi. BMG-niň Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary geljekde hem dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, jenap Petko Draganow sebit we global ölçeglerinde abadançylyk we ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde biziň ýurdumyzyň oňyn ýörelgesini belläp geçdi.  

Myhmany kabul etmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onuň şeýle ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady we Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça işlerinde üstünlik arzuw etdi. BMG-niň Baş Sekretaryna mähirli sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyz  Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň iri düzüm birlikleri bilen özara hereketleriň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.   

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Sebit merkeziniň başlygy soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykan hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylan giň ugry öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine bildirilýän hemmetaraplaýyn godawlar üçin minnetdarlyk bildirip,  Jenap Petko Draganow öz tarapyndan bilelikdäki işiň baý tejribesine esaslanýan we uly mümkinçiliklere eýe bolan bu önjeýli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Ýurdumyzda Işleýän Halkara Guramalarynyň Wekilhanalarynyň Ýolbaşçylary Bilen Duşuşyk

Balkan Welaýatynda Şeker Öndürýän Kärhana Gurulýar

Hususy Kompaniýa Ilkinji Gezek Älem Giňişligine Adam Iberdi