18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Gyzyl kitap barada maglumat.

Gyzyl kitap — Türkmenistanyň „Tebigaty goramak hakynda“, „Aýratyn goralýan döwlet tebigy territoriýalary hakynda“, „Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda“, „Haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda“ kanunlaryna, halkara tebigaty goramak konwensiýalary boýunça ýurduň borçnamalaryna, döwlet ekologik maksatnamalaryna we meýilnamalaryna laýyklykda wagtlaýyn hereket edýän resminamadyr. Türkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýiti kontinental, örän gurakklimatly (uzak dowam edýän yssy tomus möwsümi, howanyň temperaturasynyň gije-gündiziň dowamynda we pasyllaýyn giň aralykda üýtgäp durmagy, ygalyň az düşmegi) howa şertleri, geografiki taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmegi — bularyň hemmesi Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy hem haýwanlardyr. Ösümlik dünýäsiniň 2 müňden hem gowrak görnüşleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopediýasynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Bu düýpli neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini öwrenmekde botanika, farmakologiýa ylymlarynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň şu neşirine girizilen ösümlikleriň 47 görnüşi dermanlyk ähmiýetli ösümliklerdir. Dünýä derejesindäki biodürlüligiň gelip çykan Eýran- Anatol merkeziniň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän Köpetdagyň ekoulgamynyň ähmiýeti uludyr. Köpetdagyň türkmen böleginde duşýan ösümlikleriň 1800 görnüşinden 332‑isi endemiklerdir (12,9%). Ol Merkezi Aziýanyň daglyk ýerlerinde endemikleriň iň ýokary derejesidir. Bu ýerde şeýle-de oňurgasyz haýwanlaryň 1500 görnüşi, süýrenijileriň 50 görnüşi, guşlaryň 290, süýdemdirijileriň 75 görnüşi ýaşaýar. Türkmenistanyň oňurgaly haýwanlaryndan 92 görnüşi endemiklere we subendemiklere degişlidir.

Degişli makalalar

Asyrlaryň jümmüşine aralaşmak.

syrach

Daşoguzda Lagymlar Ulgamy Artýar

turkmenhabargullugy

Köpugurly Sergide Türkmen Bazarynyň Geljegi Görkezildi

turkmenhabargullugy