24.9 C
Aşkabat
27.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Habar Beriş Tehnologiýalary Ulgamynda Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Miсrosoft» korporasiýasy tarapyndan guralan täzeçil tehnologiýalary peýdalanmak meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde, Türkmenistanda daşary ýurtly hünärmanleriň gatnaşmagynda habar beriş tehnologiýalary boýunça häzirki döwrüň öňdebaryjy usulyýetlerini ornaşdyrmaga ýardam edýän dürli usuly okuw maslahatlaryny geçirmek däbe öwrüldi. Şeýle okuw maslahatlary dolandyryş düzüminiň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge  ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, programma üpjünçiligini taýýarlamakda dünýäde öňdebaryjy orunda durýan “Miсrosoft” korporasiýasynyň iş tejribesi, hyzmatlary teklip etmegiň we täzeçil çözgütleri işläp düzmegiň tärleri bu gün ýurdumyzda döwlet edaralarynda hem-de hususy kompaniýalarda uly islegden peýdalanýar.

Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly bilermenler gatnaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary tehnologiýalaryň ösüşiniň ugurlary gyzykly pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dünýä meşhur kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen «elektron hökümeti» ösdürmäge, şäher hojalygyny we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. 

Çykyş edenler Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy netijesinde habar beriş ulgamynyň ösüşi üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Şeýle hem kiber-howpa garşy hereket etmek üçin ygtyýarnamaly programma önümleriniň ulanylmagynyň meselelerine seredildi. Okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanda täzeçil tehnologiýalaryň düzüminiň ösdürilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça bilelikde işlemegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stol” guraldy. 

Maslahat ertir öz işii dowam eder.

Degişli makalalar

Ynsanperwerligiň Aýdyň Nusgasy

Rejepmyrat Agabaýew Gazagystana Tälimçi Hökmünde Dolandy

Skaýranning Boýunça Ýurdumyzyň Kubogy Ugrundaky Ýaryşyň Birinji Tapgyry Geçirildi

turkmenhabargullugy