19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ýokary Derejedäki Türkmen-Belarus Gepleşikleriniň Netijeleri Boýunça Ikitaraplaýyn Resminamalara Gol Çekildi

Ýokary Derejedäki Türkmen-Belarus Gepleşikleriniň Netijeleri Boýunça Ikitaraplaýyn Resminamalara Gol Çekildi

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Iki ýurduň Liderleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2017–2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 2016-njy ýylyň 11-nji maýyndaky Türkmen-Belarus Söwda öýi tarapyndan Belarus Respublikasynyň çäklerine we Belarus-Türkmen Söwda öýi tarapyndan Türkmenistanyň çäklerine getirilýän harytlary goşulan baha üçin salgytlardan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga harytlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Belarus döwlet tehnologik uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda ylmy-tehniki we innowasion iş hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilenYlalaşyk; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusuň alyjylar kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen «Brest döwlet tehniki uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen «A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Şertnama ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk edilmegine degişli boldy.

Degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk

syrach

Ahalteke bedewleriniň sirk sungatyndaky üstünligi.

syrach

Parlament Agzalary Üçin COVID-19 Keseline Jogap Hereketlerine…

turkmenhabargullugy