29.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DÜNÝÄ

Halkara Atom energiýasy gullugy Eýran meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Eýran bilen geçirýän ýadro gepleşiklerine täzeden başlan Halkara Atom energiýasy gullugy Eýranyñ ýadro maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşýar.

Halkara Atom energiýasy gullugynyñ düýn başlan maslahaty amerikaly britaniýaly, fransiýaly, germaniýaly, russiýaly we hytaýly ýolbaşçylaryñ meseläni giñişleýin ara alyp maslahatlaşandyklary sebäpli bir gün yza süýşürlipdi.

Ýokarda ady agzalýan 6 ýurt umumy tutum alyp barmak üçin Wenada duşuşdy.

Duşuşykdan soñ derñewçileriñ ähli desgalarda barlag geçirmegi barada Eýrana çagyryş berildi.

BMG-nyñ derñewçileri eýranly ýolbaşçylardan Perçin harby bazasynda girmek üçin rugsatnama sorapdy.

Eýranyñ hökümeti teklibi kabul etdi emma käbir meselede ylalaşyga gelnip bilinmedi.

Beýleki tarapdan Eýran, ABŞ-nyñ Prezidenti Barak Obamanyñ “diplomatiýa uly ähmiýet beriljekdigi we Eýrana garşy harby operasiýa guramak ýaly niýetleriniñ bolmandygy” hakyndaky sözlerine oñyn garaýar.

Eýranyñ dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, Obamanyñ sözleri barada “Gowy gözler” diýdi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Serkerdebaşysyny kabul etdi

syrach

Petronasyň Ýolbaşçysy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürmäge Taýýardygyny Belledi

turkmenhabargullugy