19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýokary hilli tohumlar – bol hasylyň kepili.

Daşoguz welaýatynyň pagta arrasalaýjy kärhanalary gowaçanyň ortasüýmli görnüşiniň 16 müň tonnasyny öňümizdäki ekişe taýýarladylar. Daşoguz welaýatynda gowaça ekiljek ýer 140 müň gektar meýdany eýelär.

Etraplaryň toprak we howa ýagdaýlaryna laýyklykda gowaçanyň 5 sany görnüşi etraplaşdyryldy. Mysal üçin, Gubadag we Boldumsaz etraplarynda öň hem ekilýän we öz hasyllylygy we howa şertlerine laýyklygy bilen özüni tanadan , ýurdumyzyň seleksiýa ylmynyň döreden „Daşoguz-120“ ortasüýmli gowaçasy ekiler. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde we S.A.Nyýazow etrabynyň daýhan birleşiklerinde, süýmüniň ýokary çykyşy, wilt keseline garşy durýan we başga-da gowy hil taraplary bolan, ýurdumyzyň seleksiýa ylmynyň döreden „Serdar“ görnüşiniň tohumlary ekiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Gruziýa we Türkmenistan Türkmen Nebitini Üstaşyr Geçirmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Türkmenistanyň DIM-de Türkmen Diplomatlary Bilen Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy