22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Halkara Ekologiýa Forumynyň Jemleri Jemlendi

Halkara Ekologiýa Forumynyň Jemleri Jemlendi

Türkmen paýtagtynda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy.

200 töweregi wekiliň gatnaşmagynda ilkinji gezek şeýle ölçegde geçen bu forum, sebit we global meseleler boýunça möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýurdy Türkmenistanyň halkara gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini ýene bir gezek tassyklaýar. Maslahata degişli ministrlikleriň we edaralaryň, beýleki döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, milli parlamentleriň deputatlary, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ylmy we işewür toparlarynyň, dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisiň we aýry-aýry bölümçeleriň dowamynda tebigaty goramak we durnukly ösüş, suwdan ýerlikli peýdalanmak, klimatyň global üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda sebitara we halkara hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetiniň ýolbaşçylary döwlet sosial-ykdysady maksatnamalary, bu ugur boýunça gazanylýan netijeleri we geljekki meýilnamalary bilen ýakyn baglanyşykly milli tebigaty goraýyş strategiýalary bilen tanyşdyrdylar.

BMG-niň ösüş Maksatnamasynyň we BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň sekretariatlarynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramalarynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa merkezleriniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri öz çykyşlarynda bu mesele boýunça bar bolan tejribeleri seljerdiler.

Durmuşa geçiriş çäreleri boýunça maslahat edilip, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, üçünji müňýyllyk boýunça global Maksatlaryny içine alýan 2030-yň Gün tertibi, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygy, Aşgabatda BMG-niň garamagyndaky Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak mümkinçilikleri aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň “Rio+20” durnukly ösüş boýunça Maslahatynda we beýleki iri maslahatlarda bu barada çykyş edipdi.

Sebitdäki iň çylşyrymly mesele – suw serişdesiniň gytçylygydyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň serhetýakalarynda ýerleşýän derýalarynyň ýokary we aşaky akymynda ýerleşýän ýurtlaryň suwaryş we energiýa kadalary arasynda gapma-garşylyklar bellenip geçildi.

Bu mesele boýunça öz ýurtlarynyň ýerleşýän ýerlerini göz öňünde tutup, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri suw serişdelerini ulanmagy we halkara suw hukuklarynyň halkara terjibelerini hemmetaraplaýyn öwrenendiklerini beýan etdiler.

Suw meselesiniň häzirki günde ekologiýanyň durnukly ösüşiniň uzakmöhletleýin strategiýasyndan aýry hasap edilip bolmajakdygy bellenildi. Milli Liderimiz 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, BMG-niň Suw strategiýasy boýunça ýörite maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça birnäçe gezek çykyş etdi. 2017–2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmekde, ilkinji ünsi suw serişdesi ulgamyndaky hyzmatdaşlyklara gönükdirjekdigi hem nygtaldy.

Sebitdäki ähli ýurtlaryň hereketlerini utgaşykly alyp barmagyň möhümdigini bellän Özbegistan Respublikasynyň wekili şu ýylyň mart aýynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynda suw hojalygy boýunça meseleleriň ikitaraplaýyn şertnamasyny mysal getirdi. Aşgabat şäherindäki gepleşiklerde gol çekilen Bilelikdäki beýannamada Prezidentler Gurbanguly Berdimuhammedow we Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýadaky serhet ýakalaryndaky derýalaryň sebitdäki halklaryň umumy baýlygydyny, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna onlarça million adamlaryň ykbalynyň baglydygy nygtalyp geçilýär.

Şonuň bilen bir hatarda Merkezi Aziýanyň serhet ýakalaryndaky derýalaryň ugrunda täze gidrotehniki gurluşygy amala aşyrmak, BMG-niň konwensiýalarynda berkidilen halkara suw hukuklarynyň kadalaryna baglylykda bolmalydygy, gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalygy, garaşsyz halkara barlaglarynyň geçirilmeginiň, şeýle hem serhetýaka ýurtlary bilen serhetlere täsirini ýetirýän ähli taslamalaryň ylalaşylmagynyň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygy nygtaldy.

Öz gezeginde Gyrgyzystanyň wekili suw serişdelerinden rejesiz peýdalanmagyndan gelip çykjak töwekgelçilikden halas bolmak bilen baglylykda sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda suw ulanyşyň ykdysady mehanizmini işläp düzmegi teklip etdi. Bu mehanizmler ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlardaky ykdysadyýetini, şonuň bilen birlikde serhetara hyzmatdaşlygy ýüze çykarmalydyr.

Şeýle esasly ýörelgelerde doly derejede gürrüňdeşlige we hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, halkara ylalaşyklaryndaky borçlara yhlasly çemeleşiljekdigini Täjigistanyň wekili hem tassyklady.

Şu gün interaktiw görnüşinde mejlisler geçirildi. Gidrometeorologiýa gulluklarynyň hem-de birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň peseldilmegi üçin mümkinçilikler”, “Ýaşyl maýa goýumlar durnukly ösüşe mümkinçilik açýar” diýen tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda, Merkezi Aziýanyň daglyk sebitlerinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatynda taslamalar, şeýle hem oba hojalygynda, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, nebitgaz toplumynda, ýaşaýyş jaý gurluşygynda we beýlekilerde energiýanyň netijeliligini we energiýa tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça toplanylan tejribeleriň jemleri jemlenildi.

Innowasiýa, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilik tehnologiýalaryna esaslanýan “ýaşyl” ykdysadyýete geçilmeginiň ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrýandygy hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri peseldýändigi bellenildi – munuň özi tutuş adamzadyň ösüşini alamatlandyrýan umumydünýä meýli bolup durýar. Öz işewürliginde öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirkizaman enjamlaryny, iň täze ylmy- tehniki işläp taýýarlamalary peýdalanýan maýa goýujylar üçin döwlet derejesinde ykdysady taýdan höweslendirmek, şeýle hem ekologiýa kadalaryny we talaplaryny bozýanlar üçin gadagançylyk çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.

BMG-niň Daşky gurşawy goramak maksatnamasy tarapyndan goldanylan “Ýaşyl Ýüpek ýoly” raýatlyk başlangyjyna aýratyn pikir alyşmalar bagyşlandy, bu başlangyjyň esasy maksady Ýewraziýa giňişliginde amala aşyrylýan iri möçberli senagat we ulag-üstaşyr taslamalarynyň tebigat üçin howpsuzlygyny üpjün etmekdir.

Forumyň çäklerinde “Sebitiň ekologiýa meselelerini beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny” atly “tegelek stoluň başynda” maslahat geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gurady. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat we tebigaty goraýyş edaralarynyň, halkara ekologiýa guramalarynyň we assosiasiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem, žurnalistika fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.

Wekiliýetleriň baştutanlary Aşgabatda Halkara ekologiýa forumyny geçirmek başlangyjyna ýokary baha berdiler, indiden beýläk şeýle forumlary sebitiň ýurtlarynyň her birinde nobatma-nobat geçirmek karar edildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasy

syrach

ÝB Eýran Bilen Gepleşik Geçirmegi Meýilleşdirýär

syrach