18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi

Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, Stambul uniwersitetiniň Spor bileleşigi kluby bilen bilelikde, Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp halkara sport ýaryşy geçirildi. Sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryş, dürli ýurtlardan gelip Stambul uniwersitetinde ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirildi.

Daşary ýurtly talyplar, şol sanda Türkiýeli talyplar öz ýurtlarynyň ýygyndy toparyny düzüp, ýaryşa gatnaşmak üçin guramaçylyk komitetine ýüz tutdular. Dünýäniň 21 ýurdunyň talyplaryndan düzülen ýygyndy toparlar ýaryşda gatnaşmaga kabul edildi. Ýaryşda gatnaşýan ýurtlar bije esasynda alty toparça bölündi. Türkmenistan döwletimiziň talyplarynyň ýygyndy toparynyň bijesine A toparçada çykyş etmek düşdi. A toparçada ýurdumyzyň futbol topary bilen bir hatarda, Mali, Ýemen we Malaýziýa ýurtlarynyň toparlary çykyş etdiler. Türkmen talyplary geçiren oýunlarynda ussatlyk görkezip, çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Çärýek finalda ildeşlerimiz Türkiýeli talyplar bilen duşuşyk geçirdiler. Türkmen ýigitleri Türkiýäniň ýygyndy toparyna garşy ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň, Siriýanyň, Gananyň we Niderlandlaryň ýygyndy toparlary ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. 2017-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistan döwletimiziň talyplary bilen Siriýaly talyplaryň arasynda geçirilen duşuşyk örän gyzgalaňly geçdi. Türkmen talyplaryndan düzülen agzybir ýygyndy toparymyz örän başarnykly çykyş edip, Siriýaly talyplara garşy 9-4 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandylar. Ýarym finalyň beýleki duşuşygy bolsa Gana bilen Niderlandlaryň arasynda geçirildi. Niderlandlar garşydaşlaryndan üstün çykyp, finalda çykyş etmäge hukuk gazanan ikinji ýygyndy topar boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi hökmünde, türkmen ýaşlarynyň halkara sport ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanmaklary örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Kuboga barýan ýolda soňky duşuşyk bolan final duşuşygy, 2017-nji ýylyň 11-nji maýynda geçirildi. Jemleýji duşuşykda çykyş etjek türkmen ýigitlerini goldamak we olary ýeňişe ruhlandyrmak üçin, Stambul şäherinde ýokary bilim alýan we ýaşaýan raýatlarymyz futbol meýdançasynyň tomaşaçylara niýetlenilen ýerine ýygnandylar. Gyzykly duşuşyk eminiň başlaýyş jürlewigi esasynda badalga aldy. Çekeleşikli geçen jemleýji duşuşygyň netijesinde, Niderlendlaryň topary ýeňiji boldy. Ýurdumyzyň talyplaryndan düzülen ýygyndy topar ýaryşyň ikinjilik ornuna mynasyp boldy. Gananyň ýygyndy topary bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.

Duşuşygyň tamamlanmagy bilen, köp tapgyrly ýaryşyň ýeňijilerine kuboklary we ýadygärlikleri gowşurmak dabarasyna geçildi. Baş konsullygymyz tarapyndan birinji orny eýelän ýygyndy topara “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” bolan 2017-nji ýylyň nyşany ýerleşdirilen kubok we medallar, şeýle hem Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bilen bezelen köýnekçeler gowşuryldy. Ýaryşda ikinji ýeri eýelän türkmen talyplarymyzyň ýygyndy toparynyň agzybir oýunçylaryna ikinjilik kubogy bilen bir hatarda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” bolan 2017-nji ýylyň nyşany ýerleşdirilen medallar we Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bilen bezelen köýnekçeler gowşuryldy. Üçünji ýere mynasyp bolan Gananyň ýygyndy toparyna bolsa degişli kubok hem-de medallar gowşuruldy.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/4208

Degişli makalalar

Türkmen Ýüpekçileri 2017-nji Ýylda 2 müň 30 Tonna Pile Taýýarlar

Türkmenabatly Himiýaçylar Suwy Arassalamak Üçin Koagulýantyň Çykarylyşyny Dikeltdiler

Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy