25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Kyrklareli we Stambul Aýdyn Uniwersitetlerinde Dabaraly Çäreler Geçirildi

Kyrklareli we Stambul Aýdyn Uniwersitetlerinde Dabaraly Çäreler Geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) konsullyk çäginde ýerleşýän Kyrklareli we Stambul Aýdyn uniwersitetlerinde, daşary ýurtly we ýerli talyplaryň gatnaşmaklarynda dabaraly çäreler geçirildi. Talyp şüweleňine, uniwersitetleriň fakultetleriniň dekanlary, professor mugallymlary, dolandyryş bölüminiň işgärleri hem-de köp sanly talyplar gatnaşdylar. Dürli ýurtlardan gelip, bu ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan daşary ýurtly we ýerli talyplar, öz ýurtlarynyň milli we tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan diwarlyklar bilen çykyş etdiler. Şüweleň meýdançalarynyň görnükli ýerlerinde, Baş konsullygymyz tarapyndan, Berkarar döwletimiziň gazanan ajaýyp üstünlikleri, türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýeti hem-de Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrýan giň gerimli sergi guraldy. Türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen halysy bilen bezelen sergide, Aziada-2017 bilen tanyşdyrýan kitapçalar we žurnallar, türkmen milli tagamlary, milli mirasymyzy alamatlandyrýan ýadygärlik sowgatlary hem-de Garaşsyz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wagyz edýän neşirler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Bu uniwersitetlerde bilim alýan türkmen talyplary, türkmen milli lybaslarymyzy geýnip, sergini synlamaga gelenleri halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda süýji tagamlarymyz bilen garşyladylar. Ýurdumyz bilen tanyşdyran bu sergi, şüweleňiň iň gelim-gidimli ýeri hökmünde tapawutlandy. Sergä gelenler, baý medeniýetimiziň özboluşly gymmatlyklary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, gadamy batly bedewlerimiz hem-de Aşgabat şäheriniň döwrebap keşbini emele getirýän ak mermerli binalaryň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boldular. Aýratyn-da, paýtagtymyzda geçiriljek halkara sport çäresi bolan Aziada-2017 oýunlaryny mahabatlandyrýan neşirler gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu oýunlaryň geçirilmegi üçin paýtagtymyzda ýörite gurlan Olimpiýa şäherjiginiň binagärlik keşbi hem-de milli mirasymyzyň görnükli gymmatlyklary bilen bezelen Aziada-2017 nyşanlary görenlerde uly täsir galdyrdy.

Sergä gelen myhmanlara milli naz-nygmatlarymyz hödür edildi hem-de medeni mirasymyzdan nusgalyk ýadygärlik sowgatlar paýlanyldy. Şüweleňiň dowamynda, türkmen talyplarymyzyň ýerine ýetiren milli küştdepdi tansy hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Sergini synlamaga gelenler, talyplarymyz bilen ýadygärlik suratlara düşdiler. Şeýle hem, dabaranyň barşynda şüweleňe gatnaşyjylara türkmen palawy hödür edildi.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/4207

Degişli makalalar

Prezidentimiz BMG-niň Durnukly Ösüş Boýunça Ýokary Derejedäki Duşuşygynda Çykyş Etdi

syrach

Topragyň gorlary – adam bähbitleri üçin.

syrach

Daşoguzly halyçylar 1490 metr haly dokamagy başardylar.

syrach