19.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ösüşiniň geljegine oňyn baha berdi

Halkara pul gaznasynyň hanym Weronika Bakalu tarapyndan baştutanlyk edýän wekilýetiniň türkmen paýtagtyna iş sapary tamamlandy. Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde HPG-niň wekilleri ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda gepleşikler tapgyryny geçirdiler, şolaryň barşynda Türkmenistan bilen bu esasy halkara maliýe düzüminiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ýollary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň barşynda wekilýetiň agzalary Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň hünärmenleri üçin dünýä we sebitleýin ykdysadyýetiň ösüşiniň geljegine bagyşlanan tanyşdyryş çäresini guradylar.

Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça HPG-niň Daşary aragatnaşyklar departamenti tarapyndan ýörite habar taýýarlanyldy, şonda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän we ýurduň senagat potensialyny hem-de ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmk işinde gazanylan öňegidişligi missiýa oňlaýar diýlip bellenilýär.

Pul – karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen ýurtda durmuşa geçirilýän çäreler ýokary ykdysady görkezijileri gazanmaga ýardam edýär diýlip habarda bellenilýär. Hakyky jemi içerki önümiň ösüşi döwletiň progressiw maýa goýum syýasaty we daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň ep-esli möçberleri bilen üpjün edilýär. Ýurtda durnukly alyş-çalşyň ýola goýulmagy, daşary ýurt walýutasynyň elýeterliliginiň giňeldilmegi we has liberal söwda düzgüni milli pul birligine ynamyň berkidilmegine we banklaryň ornunyň ýokarlanmagyna ýardam edýän möhüm ýagdaýlaryň hatarynda öňe çykýar.

Ýakyn we orta möhletleýin döwür üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň çaklamalary babatda aýdalanda bolsa milli ykdysadyýetiň öňünde amatly mümkinçilikler açylýar diýlip bellenildi. «Dünýäde bildirilýän islegleriň dikeldilmegi we uglewodorodlaryň eksportunyň möçberleriniň artdyrylmagy arkaly 2011-nji ýylda we şondan soňky döwürde Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösjekdigi çaklanylýar. Ykdysadyýetiň uglewodorodlardan beýleki pudaklarynyň, şol sanda infrastrukturanyň we durmuş maksatnamalarynyň ösüşine gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň dowam etmegi hem ykdysady ösüşe ýardam berer» diýlip, Halkara pul gaznasynyň habarynda bellenilýär.

Şeýle hem habarda HPG-niň missiýasy Türkmenistanyň 2011-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde bilim we saglygy goraýyş üçin göz öňünde tutulan çykdajylaryň artdyrylmagyny oňlaýar diýlip bellenilýär.

HPG-niň bilermenleriniň pikirine görä, «Makroykdysady reformalaryň dowam etdirilmegi Türkmenistanyň halkynyň eşretine ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we berkidilmegi üçin uly ähmiýete eýe bolar».

Nygtalyp geçilişi ýaly, makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe pudagyny özgerdip guramak we uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin hususy pudagyň işini giňeltmek maksatlarynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan edilýän tagallalary HPG goldaýar. Şunuň bilen baglylykda Halkara pul gaznasy biziň ýurdumyz bilen konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Taryhy Ýoluň Gurluşygynda

Eýranyň Işewür Toparlary Türkmenistan Bilen Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Gyzyklanmalaryny Beýan Etdiler

ÝB-niň liderleri ykdysady krizisiň çözülmegi üçin egilşik etdi.

syrach