15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan Ilatly Nokatlar Boýunça BMG-niň Dolandyryjylaryň Geňeşiniň Agzalygyna Kabul Edildi

2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) guramaçylyk sessiýasy öz işine başlady. Birinji gününde Geňeşiň kömekçi düzüm birliklerine saýlawlar geçirildi.

Geçirilen saýlawlaryň barşynda EKOSOS-yň agzalary Türkmenistany Ilatly nokatlar boýunça BMG-niň Maksatnamasyny Dolandyryjylaryň Geňeşiniň (BMG – HABITAT) 2016-2019-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan kabul etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Ilatly nokatlar boýunça BMG-niň Maksatnamasy (BMG – HABITAT) durnukly şäher ösüşi ulgamynda, aýratyn alnan ýurtlara we sebitlere ilatly nokatlarynyň hem-de infrastrukturasynyň ösüş meseleleriniň çözgüdi babatda ýardam bermekde BMG-niň ulgamynda esasy düzüm birlikleriniň biri bolup durýar. 2001-nji ýylda Ilatly nokatlar boýunça Komissiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň oňa EKOSOS-yň üsti bilen habar berýän kömekçi düzüm birligine öwürlen BMG-HABITAT Dolandyryjylaryň Geňeşine üýtgedildi. Dolandyryjylaryň Geňeşi Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan dört ýyllyk möhlet bilen saýlanylýan 58 sany agza-döwletlerden ybaratdyr.

Mundan başga-da, ýokarda agzalan sessiýanyň barşynda Türkmenistan BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2016-2019-njy ýyllar üçin agzalygyna täzeden saýlanyldy.

Türkmenistan BMG-niň bu iki düzüm birliklerindäki agzalygyny halkara jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanda bar bolan intfrastruktura mümkinçiliklerini gös-göni Merkezi Aziýanyň we Hazar basseýniniň sebitlerinde BMG-niň dürli düzüm birlikleriniň işini işjeňleşdirmek üçin netijeli ulanmak nukdaý-nazaryndan garaýar. 

Türkmenistanyň birbada BMG-niň esasy düzüm birligindäki iki sany möhüm edaralaryna saýlanylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüşiň global meseleleriniň çözgüdindäki halkara başlangyçlarynyň wajyp ähmiýeti orna eýedigini tassyklaýar.                

Degişli makalalar

Ýanwar-Mart Aýlarynda Jemi Içerki Önümiň Ösüşi Geçen Ýylyň Degişli Döwri Bilen Deňeşdirilende 6,2 Göterime Deň Boldy

Birža Täzelikleri

Bakuw-Tiblisi-Jeýhan turbo geçirijisinden 100 milliard dollarlyk nebit akdyryldy.

syrach