15.01.2026
DURMUŞ

Halkara Ulag Resminamalarynyň Tassyklanylmagy

Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady.

Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Türkmenistan tarapyndan tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna gabat gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen esaslaýyn başlangyçlar öňe sürüldi.

Bularyň ählisi milli ulag ulgamynyň halkara kommunikasion infrastrukturasyna işjeň ornaşmagyna ýardam bermäge, ýurdumyzda olaryň amatly geografiki ýerleşişini nazara alyp, ulagyň ähli görnüşleriniň daşalmagynyň sebitleýin sazlaşygyny üpjün edýäniri logistika merkezlerini döretmäge gönükdirilendir.

Bu halkara resminamalarynyň tassyklanylmagy häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ädimleriň biri bolup durýar.

Degişli makalalar

Beýik Oguz Türkmen Döwleti

Taryh ylmyny ösdürmek—döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertidir

syrach

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Ýurtlaryň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýolag Oýulmagynyň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady