26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde Robotlaryň Bäsleşigi Geçirildi

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde Robotlaryň Bäsleşigi Geçirildi

Bäsleşik 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy. Oňa dürli ugurlardan bilim alýan talyplar toparlarynyň 12-si gatnaşdy.

Bir günläp dowam eden bäsleşik robotlaryň sergi-ýarmarkasy görnüşinde gurnaldy. Bu innowasion sergä petek paýlanan adamlaryň müňe golaýy gatnaşdy. Her petegiň eýesi öz halan taslamasyna ses bermäge haklydy.

 

Tomaşaçylaryň ses bermegi netijesinde ýörüte walik bilen bellenilen binany reňkleýän PaintBot roboty ýeňiş gazandy.

Ikini orun hereketi çäkli adamlary goldamaga niýetlenen durmuş ähmiýetli taslamalaryň ikisine berildi.

Deňeçer ses alan üç taslama: gazna enjamlary üçin telefon, haşamlaýjy-robot we guşçylyk fermalarynda jüýjeleriň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandrymak üçin ultramelewşe ýagtylygyň berlişini düzgünleşdirýän gural üçünji orny eýelediler.

 

Özi ýöreýän konteýnerler, öwrediji oýunjaklar, senagat toplumlary üçin öz-özi arassanlanýan filtrler we başga-da ençeme robotlar bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Has saýry işleriň awtorlaryna ýörüte sertifikatlar we ýadygärlik sylaglar gowşuryldy.

Bäsleşik kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary kafedrasynyň hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň Ýaş inženerler klubynyň bilelikdäki başlangyjy bilen her ýyl geçirilýär. Ol diňe bir Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň däl, eýsem ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini höweslendirmek üçin gurnalýar. Robotlar bäsleşigine we ýeňijileri saýlamaga beýleki ýokary okuw mekdepleriniň-de talyplary, şeýle hem paýtagtymyzyň orta bilim berýän mekdepleriniň uly synp okuwçylary gatnaşdylar.

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surat HYYweÖU tarapyndan berildi

Degişli makalalar

2020-nji Ýylyň 29-njy Aprelinde Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler

Türkmenistanyň we HHR-iň Arasynda Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly…

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ýygyndy Toparynyň Hüjümçisi Özbegistanyň Futbol Çempionatynda Çykyş Eder