23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Önüminiň Hili Bilen Tanymal

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji fabrigi ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa önümleri eksport edýän iri kärhanalaryň biridir. Ol ýörüteleşdirilen, şol sanda belli «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen, önümleri hili boýunça ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tehnoloigiýaly kärhanadyr. Her ýyl fabrikde öndürilýän Ring belgili nah ýüplüginiň 70 göterime golaýy haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda daşary ýurtly alyjylara ugradylýar. Olaryň arasynda Beýik Britaniýa, Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan we beýleki döwletler bar.

Şeýle durnukly isleg önümçiligiň ähli tapgyrlarynda kärhananyň özüniň jikme-jik barlanylýan has takyk ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen laboratoriýasynda önümiň ýokary hiliniň gazanylmagy netijesinde üpjün edilýär. Diňe geçen ýylda 63 million manatlykdan gowrak uly islegli aýlawly egirme usulynda arassa nah ýüplük taýýarlanyldy, bu bolsa bellenilendäkiden on million manada golaý artykdyr.

Kärhananyň önümleriniň durnukly ýerleşdirilmegine içerki we daşarky bazarlary işjeň öwrenýän, islegleri hem-de harydy ýerleşdirmegiň geljegini seljerýän hususy marketing gullugynyň bolmagy hem ýardam edýär.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Onlaýn Media Forum Makalasynda “Atavatan Türkmenistana” Uly Orun

Dünýäniň iň uly almaz magdany haýran galdyrýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi İstanbul’da Tanıtılacak

turkmenhabargullugy