26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Hanmudo” Milli Federasiýasynyň Başlygy Orif Buharakow – Gara Guşagyň Eýesi

“Hanmudo” Milli Federasiýasynyň Başlygy Orif Buharakow - Gara Guşagyň Eýesi

ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Baton-Ruž şäherinde hanmudo söweş sungaty boýunça halkara maslahat geçirildi. Muňa dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan bu ugur boýunça ussatlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hanmudo söweş sungaty Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakow Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol okuw synagyny üstünlikli geçip, gara guşaga (III dan) mynasyp boldy.

Bu ýere başa-baş tutluşygyň koreý görnüşi bilen meşgullanýanlaryň 100-e golaýy geldi. Olaryň hatarynda Ispaniýadan, Gollandiýadan, Meksikadan, Latyn Amerikasy ýurtlaryndan wekiller bar.

Synag maksatnamasynyň birinji gününde ussatlar goranyş we hüjüm ediş usullaryny görkezdiler. Bu usullar toplumy 333 emeli özünde jemleýär. VI we ondan-da ýokary danlary bolan ussatlaryň 12-sinden ybarat eminler topary synag mahalynda türgenleriň tehniki usullaryny we olary ulanyşyň netijelliligini nazarda tutdular. Biziň watandaşlarymyzyň ussatlygy ýokary baha mynasyp boldy.

Synagyň ikinji we üçünji günlerinde türkmenistanly ussat gylyç, taýak we beýleki dürli ýaraglary ulanmagyň endiklerini, toplumlaýyn dem alyş usullaryny görkezdi we eminleriň hamudonyň filosofiýasy hem-de adam anatomiýasy boýunça sowallaryna jogap berdi. Şeýle hem ol IV dana mynasyp bolmak üçin synag geçilende möhüm bolan emelleri öwrenmek usullaryny geçdi. Şeýlelikde, indiki ýyl ýurdumyzyň tälimçisi goranyşyň we hüjüm etmegiň 400-den gowrak usullary bilen çykyş etmek hukugyna eýe boldy.

Türkmen tälimçisi “Ussat-mugallym” derejesini tassyklaýan Bütindünýä hamudo assosiýasiýanyň sertifikatynyň eýesidir, bu bolsa dünýäniň islendik ýurdunda başa-baş göreşiň bu görnüşi boýunça sapak bermäge bolan hukugy üpjün edýär.

Hamudony ussat Kimm He Ýonguň esaslandyryandygyny bellemeli. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý söweş sungatynyň köp görnüşlerini öwrendi. Şeýle hm ol başa-baş söweş mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, sportuň bu görnüşiniň taryhy çeşmelerini öwrenip, köpugurly usulyň döpremegiň üstünden işledi. Hamudonyň gutarnykly ulgamy geçen asyryň 80-nji ýyllaryň ahyrynda tassyklandy.

Türkmenistanda bu söweş sungaty ýurt garaşsyzlygyny gazanan pursatyndan ösüp başlady. Häzirki döwürde hamudo bölümleri ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde açyldy. Hamudo milli federasiýasy hamudonyň diňe bir koreý usuly däl, eýsem beýleki görnüşlerini, şol snda köpugurly göreşi, pyçak zyňmak sportuny we kabaddi hindi oýnuny giňden alyp barýar.

Häzirki döwürde türkmen türgenleri şu ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda Täjigistanyň Gülüstan şäherinde Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. 18-21-nji maý aralygynda bolsa paýtagtymyzda hapkido (ýene-de bir koreý usuly) boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan başa-baş söweş sungatyna ussatlary gatnaşarlar.

Degişli makalalar

Dokma Senagatyň Harytlary Türkmenistan Fotogaleriýa

turkmenhabargullugy

Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy

Eýranyň Amaly-Haşam Sungatynyň Sergisiniň Tomaşaçylary Gündogar Ussatlarynyň Nepis Eserlerine Mynasyp Baha Berdiler