26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hasan Abdulla AL-ADAB Iki Taraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Geljegine Garaýşy Barada Gürrüň Berdi

Hasan Abdulla AL-ADAB Iki Taraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Geljegine Garaýşy Barada Gürrüň Berdi

BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Hasan Abdulla AL-ADAB iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine garaýşy barada gürrüň berdi.

Birleşen Arap Emirliginiň halky öz döwletiniň döredilmeginiň 45 ýyllygyny belleýär. Dostlukly ýurduň taryhyndaky şanly sene mynasybetli BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Hasan Abdulla AL-ADAB beren intewýusynda BAE-niň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.

Birleşen Arap Emirliginiň döredilen döwründen bäri ýokary we durnukly depginde ösdürilmegi netijesinde ilatyň jan başyna düşýän jemi önüm boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. BAE-niň raýatlarynyň durmuş derejesi dünýäde iň ýokarylaryň biridir, – diýip, jenap Al- Adab nygtady.—Nebitiň bahasynyň üýtgäp durmagyna we ählumumy ykdysady kynçylyklara garamazdan, Birleşen Arap Emirligi birnäçe faktorlara esaslanýan howpsuz durnukly we oňaýly ykdysady ýagdaýy üpjün edýär. Olaryň arasynda OAE-niň Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň çatrygyndaky strategik taýdan amatly ýerleşmegini, kuwwatly ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň bolmagyny we maliýe goýumlary üçin oňaýly bank ulgamyny, durnukly we ygtybarly kredit görkezijilerini, Ýakyn Gündogarda iň iri uly möçberdäki özygtyýarly gaznasyny, ähliumumy we ösen infrastrukturasyny, ozaly bilende BAE-niň parahatlyk söýüji we hoşamaý halkyny agzasa bolar.

BAE-de ykdysady we durmuş ösüşini ilerletmegiň hem-de milli girdejiniň diwersifikasiýasynyň konsepsiýalarynyň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy. Ykdysadyýetden başga-da, ylym we tehnika ileri tutulýan ugurlardyr.

BAE-niň hökümeti ösüşiň esasy şerti hasaplanylýan innowasiýalara aýratyn üns berýär. Innowasiýalary höweslendirmegiň esasy maksatlary BAE-niň ilat kapitalyna durnukly maliýe goýumy meýilnamasyny durmuşa geçirmekden; diňe bir nebtiň hasabyna däl, eýsem başga ýollar bilen-de mundan beýlägem ykdysady ösüşi üpjün etmekden; BAE-niň ählyumumy bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan; korporatiw usulýetleri we innowasiýalar medeniýetini ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda tagallalarymyz dikeldilýän energiýa çeşmelerine jemlenendir.

Birleşen Arap Emirliginiň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylan döwründen bäri aýratyn-da ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly stünlikler gazanyldy. Biz dürli ugurlarda bu gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys. BAE-niň täze strategiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy intensifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler döredýär. Mälim bolşy ýaly, dikeldilýän energiýa çeşmeleri siziň ýurduňyz üçinem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar, şonuň üçinem biz bilimleri alyşmak ýada özara peýdaly bilelikdäki taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys.

Men Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmeistanyň halkyny Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählimumy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn. Şu günler ýene bir uly waka boldy—Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry açyldy. Ol diňe bir sebit boýunça däl, eýsem ähliumumy ähmiýetli taslamadyr. Bu wajyp ädim bilen gutlaglarymyzy kabul ediň. Türkmenistan BAE üçin ozalam, häzirem we hemişe-de doganlyk ýurtdyr, – diýip jenap Al-Adab belledi.

Degişli makalalar

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Hazar Sebiti-Hyzmatdaşlygyň Çäkleridir

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” Fransuz Kompaniýasynyň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach