14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hazar deňziniň düýbüni we astyny bölmegiň käbir meseleleri hakynda.

2012-nji ýylyň 3-nji iýulynda www.aze.az internet-sahypasynda Azerbaýjan bilermenleriniň Hazar deňzinde jedelli nebit ýataklary boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda soňky günlerde ýüze çykan meseleleri gozgaýan makala peýda boldy. Makalada getirilen pikirleri TDH-niň habarçysyna Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk-kada üpjünçilik departamentiniň başlygy D.Durdyýew teswirledi: 

-Makalanyň biziň ýurtlarymyzyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni we astyny bölmek boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny Azerbaýjana zor salmak synanyşygy hökmünde görkezýän gödek äheňiniň, gynansak-da, dostlukly halklary baglanyşdyrýan gatnaşyklara hiç hili gabat gelmeýändigini bellemek isleýärin. Hakyky ýagdaýy düşündirmek boýunça Türkmenistanyň tagallalarynyň şunuň ýaly görkezilmeginiň oýlanyşyksyz pikirleriň şahsy ýagdaýy bolup durýandygyna umyt etmek isleýärsiň. 

Mälim bolşy ýaly, çägi bölmek ýurtlaryň arasynda birtaraplaýyn görnüşde däl-de, taraplaryň çözgüdi esasynda ylalaşyk baglaşmak arkaly gazanylýar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni we astyny bölmek hakynda ylalaşygyň ýoklugynda Omar we Osman ýataklarynda AIOC konsorsiumy tarapyndan geçirilýän işleriň bikanun bolup durýandygyny bellemek gerek. Emma azerbaýjan tarapy bu işleri Türkmenistanyň garşylygyna garamazdan, amala aşyrmagyny dowam edýär. 

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni we astyny bölmek babatda bar bolan ähli ýagdaýlary we şertleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň ortalykdan bölmek baradaky nukdaýnazary halkara hukugyna doly gabat gelýär. Çäklendirmek boýunça taraplar üçin kabul ederlikli çözgüdiň gazanylmadyk jedelli ýeri bar, bu ýerde hem Azerbaýjan uglewodorod çig malyny çykarýar. Türkmenistan bolsa Serdar ýatagynda diňe ylmy barlaglary geçirýär. Bu ýatak ortalyk çäge görä halkara hukugynyň ýörelgelerine laýyklykda gurlup, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýär. Azerbaýjan bilermeni şeýle hem deňiz hukugyna laýyklykda “kim açan bolsa, şol hem talapkärlik edýär” düzgüni ýatlap geçdi. Emma deňiz hukugynda şeýle düzgüniň ýokdugy köre hasadyr. 

Eger Hazar deňzindäki ýataklaryň azerbaýjan geologlary tarapyndan açylandygy göz öňünde tutulýan bolsa, onda olaryň ýurtlaryň ikisiniň hem SSSR-iň düzümine giren döwri açylandygyny we degişlilikde olaryň hatarynda dürli milletlerden adamlaryň bolandygyny bellemek gerek. Eger-de sowet geologlary milleti boýunça azerbaýjanlar bolup, mysal üçin, Sibirde ýataklary açmaga gatnaşan bolsalar, bu Azerbaýjanyň olara talapkärlik edip bilýändigini aňladarmy? Meseläniň şeýle goýulmagynyň manysyzdygy aýdyň zatdyr. 

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda 1996-njy ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda taraplar jedelli meseleleri BMG-niň Düzgünnamasynyň 33-nji maddasyna laýyklykda çözjekdigi barada ylalaşypdylar. Onda jedelleri parahatçylykly çözmegiň usullary sanalýar. Gepleşikleri geçirmek şol usullaryň biridir. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni we astyny bölmek boýunça gepleşikler 1998-nji ýyldan bäri dowam edýär. Olaryň barşynda Türkmenistan bu meseläni çözmek üçin anyk başlangyçlary öňe sürdi, emma azerbaýjan tarapynyň jogabyny alyp bilmedi. Taraplaryň gepleşikleriniň netije bermedik halatynda kazyýet arkaly düşünişmek degişli jedeliň çözgüdi bolup bilerdi. Bu ýagdaýda ösen dünýäde kabul edilen ýörelgelere laýyklykda iki ýurduň arasynda bar bolan jedeli bilelikde çözmäge ak ýürekli islegiň hem ýeterlikdigini aýtmak gerek. Türkmenistan öz gezeginde işe kazyýet tarapyndan garalan ýagdaýynda Kazyýetiň çykaran islendik çözgüdini kabul etjekdigini aýdyň beýan etdi. 

Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, bir zady bellemek gerek. Ol hem Türkmenistanyň bar bolan jedelleri halkara hukugyna laýyklykda parahatçylykly, ösen usullar bilen çözmegi teklip edýän başlangyjynyň hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly gabat gelýän başlangyçdygyny aýtmak gerek.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Prezidentimiziň Owganystana Resmi Sapary Başlanýar

syrach

2019-njy Ýylyň Gyş-Ýaz Möwsüminiň Modasy: Trikotaždan we Jinsiden Tiklilen Dürli Reňk Öwüşginli Lybaslar

turkmenhabargullugy

Pudagara Toparyň Mejlisi