15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň Baştutany özbek kärdeşini Aşgabatda kabul etmäge örän şatdygyny belläp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesiniň we netijeliliginiň iki tarapyň ähli ugurlar boýunça özara hereketleri hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berk syýasy erkiniň bardygyny görkezýändigini nygtady.

Goňşy ýurduň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandy nygtap, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýan özbek-türkmen gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Özbek Lideri pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini Aziada-2017-niň açylmagy bilen gutlady hem-de Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejedäki ýaryşlaryň ilkinjisi boljak bu yklymlaýyn oýunlaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi, ýygjam işewür aragatnaşyklaryň höweslendirilmegi hem-de däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Kökleri asyrlaryň çuňluklaryna uzap gidýän iki döwletiň medeni we taryhy umumylygy onuň esasy bolup durýar. Iki halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni alyş-çalyşmalary hem-de ylmy gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenilip, yzygiderli esasda iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlarynyň geçirilmegine özara gyzyklanma beýan edildi.

Belent mertebeli myhman ýokary derejede ösdürilmegine üns berilýän sport ulgamyndaky özara gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň türgenleriniň iki ýurtda geçirilýän ýaryşlara däp boýunça işjeň gatnaşýandygyny belledi. Özbek Lideri Aziada-2017–niň açylyşyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek dabaralaryň ähmiýetine degip geçip, bu ýaryşlaryň sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda nobatdaky ädime öwrüljekdigini nygtady.

 

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelip görmäge we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyny uzakmöhletleýin hyzmatdaş hökmünde hasaplaýandygyny aýtdy.

Prezident Serž Sargsýan soňky ýyllarda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berip, türkmen topragynda bolýandygyna, milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň häzirki döwürde ýeten derejesine göz ýetirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyzy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlap, onuň geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň gürrüňsiz ýokarlanmagyny şertlendirjekdigini nygtady.

Ermenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, tutuş dünýäde Türkmenistanyň häzirki döwürde täze gazanýan üstünliklerine yzygiderli syn edilýär we ýurtda ähli ugurlary, şol sanda sporty ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oňyn özgertmeler uly goldawa eýe bolýar. Aşgabatda bina edilen ajaýyp Olimpiýa şäherjiginiň dünýä derejesindäki sport desgalary has-da haýran galdyrýar.

Dostlukly döwletleriň Liderleri duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplaryň umumy pikirine görä, ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň häzirki derejesi Türkmenistana we Ermenistana hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ynamly ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi sapary türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmekde täze möhüm sahypany açdy we özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga hyzmat eder.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin täze ugurlary kesgitlemek babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Energetika, ulag toplumy, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş ýaly pudaklar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lebedew GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza ýene-de gelip görmäge hem-de yklymlaýyn iri sport ýaryşlaryna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin örän şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň dürli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda abraýly halkara guramalary hem-de düzümleri bilen ýygjam hereket edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman GDA-nyň çäklerinde deňhukuklylyk, uzakmöhletleýinlik hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu düzümiň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Biz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem GDA-nyň giňişliginde netijeli ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga mundan beýläk-de işjeň ýardam bermegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Myhman Aşgabatda geçirilen sebit we halkara ähmiýetli maslahatlara taýýarlyk görlende Türkmenistanyň öz wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli, başlangyçlar bilen çemeleşýändigini belläp, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de dünýäde uly seslenme döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Aşgabat oýunlarynyň netijeleriniň, şol sanda sport ulgamynda Arkalaşygyň halklarynyň we ýurtlarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän köptaraply, däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Nursultan Nazarbaýew özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli uly dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Goňşy ýurduň Baştutany mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kärdeşini Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Belent mertebeli myhman badalga alýan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň parahatçylyga, dostluk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde işjeň we oňyn hyzmatdaşlyk etmäge açyklygynyň nusgasyny görkezýän örän uly taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigini nygtap, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer maksatlaryna ýetmekde türkmen Lideriniň aýratyn şahsy goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Nursultan Nazarbaýewe minnetdarlyk bildirdi we ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Munuň özi abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de dünýä möçberli we sebitleýin esasy meseleler boýunça özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanyň hem, Gazagystanyň hem çemeleşmeleri gabat gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, myhman suw-ekologiýa meselelerini çözmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan uly işlerine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek, işewür, ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna bolan resmi saparynyň hem-de şu ýyl geçirilen “EKSPO-2017” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň paýtagtynda bolmagynyň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berlendigini nygtady.

Milli Liderler energetika we ulag ýaly strategiki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň örän uly kuwwatyny kanagatlanma bilen nygtap, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini döretmek—Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň çekilmegi boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler. Bu häzirki zaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrülýär hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredip, uzakmöhletleýin geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berýär.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamda, şol sanda medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan özara hereketleriň çuňlaşdyrylmagy, bu ulgamlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de tejribe alyşmak babatda pikirlerini aýtdylar.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanýandyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziadanyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, onuň geçirilmeginiň ýurdumyzyň ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýäde Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer gymmatlyklarynyň ykrar edilmegine ägirt uly goşandy boljakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi yklymlaýyn sport ýaryşlarynyň başlanmagy bilen gutlady we oňa gatnaşyjylara ýeňişleri arzuw etdi. Täjigistanyň Baştutany türkmen paýtagtynda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň parahatçylyk döredijilik, dünýäniň ähli halklary we ýurtlary bilen açyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Şeýle ägirt uly çäreleriň geçirilýän ýeri bolan, Türkmenistan halkara sport merkezleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa türkmen Lideriniň bu ugurda amala aşyrýan giň möçberli işleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary türkmen hem-de täjik halklarynyň gadymy taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we sazlaşykly ösüşine ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini we bähbidini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, döwletara ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Diňe bir iki ýurduň halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň bähbidine gulluk etmäge gönükdirilen Türkmenistan – Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bu ugruň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem taraplar elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ýaly pudaklarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdylar.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtap, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, wajyp ekologiýa meseleleriniň çözgüdindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bagolylykda, Täjigistanyň Baştutany suwdan peýdalanmak boýunça sebit meselelerini çözmekde türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet hem-de sport, umuman, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

 

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistana gelmek hem-de Aziada-2017-niň başlanmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri hem-de taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýar.

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistana gelmek baradaky çakylyk hem-de mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz hoşallyk bildirip, türkmen Liderine we ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň aýrylmaz bölegi bolan parahatçylyk söýüjilikli öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýändigi hem-de dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýulýandygy nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ygtybarly özenini düzýär.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryndaky möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, soňky wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň giňişliginde özara gatnaşyklaryň ösüşiniň depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Şu ýylyň iýul aýynda Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklaryň dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrülendigi bellenildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça işewür aragatnaşyklary giňeltmegiň hasabyna ösdürmek üçin mümkinçilikleri düýpli öwrenmegiň maksadalaýykdygy baradaky pikiri aýtdylar. Ýakynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäherinde bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüniň açylmagy bu ugurda amala aşyrylan anyk işleriň birine öwrüldi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Aziýa halkara demir ýol ulaglary geçelgesiniň gurluşygynyň iri möçberli taslamalarynyň Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly düzgünleşdirmekde hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň sebitini durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak goşanda öwrüljekdigini belledi.

Bütin dünýäde bolşy ýaly, Owganystanda hem türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we sebitde durnuklylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny doly goldaýarlar diýip, Mohammad Aşraf Gani nygtady hem-de Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda berilýän goldawlar üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu ýurda Türkmenistan ýeňillikli şertlerde elektroenergiýany iberýär, ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradýar, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş ähmiýetli desgalary gurýar.

Owgan halky bu kömege ýokary baha berýär hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar diýip, belent mertebeli myhmah belledi hem-de däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagynda geljekde-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň owgan halky bilen onuň parahatçylykly we durnukly durmuşa bolan ymtylmasynda tüýs ýürekden raýdaşdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylýan Aziada baradaky meseläni gozgap, Türkmenistanyň bu oýunlara uly sport baýramçylygy hem-de Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen örän iri jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde taýýarlyk görendigini belledi.

Owganystanyň Baştutany paýtagtymyzda geçirilýän iri halkara sport ýaryşlarynyň üstünlüge beslenjekdigine ynam bildirdi.

 

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri tagallalary birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri hem-de Russiýanyň iri sebitiniň baştutany mähirli görşüp, Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Aşgabat2017” oýunlarynyň başlanmagy bilen gutlap, bu giň möçberli wakanyň biziň ýurdumyza gyzyklanmanyň mundan beýläk-de artmagyna, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen Baştutanynyň sport ulgamynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty eýýäm oňyn netijelerini berýär: türkmen sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy, Türkmenistan iri möçberli halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bularyň ählisi Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, gadymdan gelýän, iki halkyň medeni we ruhy umumylygyna daýanýan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen oňyn döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alyşmalar boldy, taraplar dürli ugurlar boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, syýahatçylyk we sport ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyga, ylym we bilim merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk Tatarystan üçin möhüm ähmiýete eýedir, bu ýerde türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan hem-de ählumumy ösüşe, parahatçylyga we ykdysady taýdan abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de doly goldanylýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

Aziada-2017 Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy Atly Halkara Sport Kongresi Fotosuratlary

Abu-Dabide Türkmen-Emirlikler Ikitaraplaýyn Syýasy Geňeşmeleriň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi