27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň bäşinji maslahaty öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iki günlük çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Mejlise Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri gatnaşýarlar.

Bu teswirnamany işläp taýýarlamak 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Bakuwda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Üçünji sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşykda göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen hünärmenleri 2015-nji ýylda teswirnamanyň taslamasyny taýýarladylar. Şondan üç ýyl geçenden soň, Bäşinji Hazar sammitiniň Beýannamasynda Hazarýaka döwletleriniň Liderleri ýokarda agzalan resminamany ylalaşmagy tamamlamagyň zerurdygyny bellediler.

Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamany ara alyp maslahatlaşmak boýunça öňki mejlisler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçirildi.

Şu mejlisiň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň bilermenleri ýokarda agzalan resminamanyň mazmunyny ylalaşmak boýunça işleri dowam edýärler.

Ertir Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleri öz işlerini dowam ederler.

tdh

Degişli makalalar

Höweslendirmek Sport Ýeňişleriniň Kepili

turkmenhabargullugy

Global habar boýunça milli geňeşme.

syrach

Birža Täzelikleri