24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda şu ýylyň dört aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, biziň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýändigini nygtady. Türkmenistianyň goranmak häsietli Harby doktrinasyna laýyklykda döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýär, harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýär, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, üstünlikli işlemekleri, oňat dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar we bu ugurda alnyyp barylýan işleri geljekde hem dowam etdireris diýip, Türkmenstanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berdi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar diýip bellemek bilen, döwletimiziň mizemezligini goramak we türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan ähli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm binýady bolan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň ýurtda jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekdäki ähmiýetini belläp, asudalygyň saklanmagy, türkmen halkynyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy biziň ýurdumyzyň rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli hem-de batly gadamlar bilen öňe gitmeginiň derwaýys şertidir diýip aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça şu ýylyň dört aýynda geçirilen işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini aýdyp, serhet goşunlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň örän wajypdygyny, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň elmydama parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek boýunça asylly we jogapkärli wezipäniň tabşyrylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Döwlet serhet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Ol ýakynda “Galkan-2011” ady bilen geçirilen harby-okuw türgenleşiginiň ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny artdyrmakda, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde uly ähmiýetiniň bolandygyny belledi. Ministr döwlet Baştutanyna Milli goşuny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, hünärine ökde harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasyna jogap edip, türkmen esgerleriniň elmydama ata Watanymyza we halkymyza wepaly we halal gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has täze ýörite tehnika bilen üpjün etmegiň meselelerine, şeýle hem harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna aýratyn üns beriljekdigini belledi. Milletiň Lideri hemişe özüniň bitaraplyk derejesine ygrarly bolan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýurduň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili hökmünde özüniň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy barada alada etjekdigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ç.Hojamyradow çykyş edip, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik edýän prokuratura edaralarynyň işiniň netijeleri barada,Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew tutuş adamzat üçin bu howpa garşy aýgytly göreşmek we neşekeşligiň öňüni almak maksady bilen edilýän işleriň we görülýän çäreleriň netijeleri barada, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça edilen işleriň netijeleri we görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty yzygiderli amala aşyrmak arkaly, häzirki döwürde ýüze çykýan howplara we nägehanlyklara, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly howpa garşy durmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna örän işjeň goşulyşýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň 2012-2015-nji ýyllar döwründe BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň düzümine girmeginiň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri bu gullugyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini nygtap, onuň işiniň hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň işi bilen utgaşdyrylyp, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalaryny çekmek arkaly alnyp barylmalydygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Döwlet Baştutany IIM-niň Türkmenistanda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigini belläp, maý aýynyň baýramçylyklara baýdygyny we şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralarda degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ministrligiň we onuň tabynlygyndaky ähli düzümleriň, aýratynam ýol gözegçilik gullugynyň işiniň häzirki döwürde bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini nygtady. Gürrüňini dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana gulluk etmegi belent borç edinen ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini ýörite belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň her bir işgäri hakyky watançylygyň, jogapkärçiligiň, ak ýürekliligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler minitsrliginiň garamagyndaky Polisiýanyň ýörite orta mekdebi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutyna bellenen tertipde berilýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky insitituty Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň ähli borçlary we borçnamalary boýunça hukuk oruntutary hasaplanýar.

Soňra howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ý.Ýazmyradow hasabat döwründe bitirilen işleriň jemleri hem-de täze taryhy eýýamda bildirilýän talapary göz öňünde tutup, ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada, Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ministrligiň düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem türkmen Lideriniň hukuk boýunça öňe süren özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýurdumyzyň yzygiderli ösüşiniň we türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde kazyýetleriň we Adalat ministrliginiň işleriniň möhüm ähmiýetlidigini belläp, ýerlerde ilata ökde hünärmenler tarapyndan ýuridiki taýdan kömek bermegiň, raýatlaryň hukuk boýunça sowatlylygyny artdyrmak bilen bagly işiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň talaba laýyk gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ony iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek meseleleri barada, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Begliýew şu ýylyň dört aýynda gullugyň düzüminde ýerine ýetirilen işleriň netijelri hakynda hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz bu hasabatlary diňläp, dünýä bileleşiginiň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistana gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we bu gulluklaryň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öňünde duran wezipeler barada durup geçmek bilen, 2011-nji ýylyň aýratyn ähmiýetli ýyldygyny, ýagny şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu ählihalk baýramçylygyna berk taýýarlyk görmelidigini aýtdy we ýakyn wagtda belleniljek Beýik Ýeňşiň 66 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň harby we hukuk goraýjy düzümleriň ählsinde ýokary derejede geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam etdirip, häzir harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň esasy wezipesi halka, Watana halal gulluk etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz şol gullugy abraý bilen berjaý etmegiň her bir esgeriň, her bir serkerdäniň mukaddes borjudygyny belledi. Abraý bolsa halal zähmet, gujur-gaýrat, Watana, halka bolan çäksiz söýgi hem-de yhlas bilen gazanylýandyr. Şonuň üçin hem halal zähmet çekip, Watanymyzyň asudalygyny goramakdan, halkymyzyň abadançylygyny has-da artdyrmakdan abraýly zat ýokdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milletiň Lideri mejlisiň ahyrynda döwletiň harby gullukçylaryň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady. Watan goragçylarynyň işi örän jogapkärli we hormatlydyr. Muňa her bir esgeriň, her bir serkerdäniň oňat düşünmegi zerurdyr. Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny we abadançylygyny goramakdan mukaddes zat ýokdyr. Bu belent wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmek bolsa her bir harby gullukçynyň jana-jan borjudyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekmek bilen, mejlisi tamamlady we ýygnananlaryň ählisine, berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýerli Çig Maldan Portland Sement Öndürilip Başlandy

Aşgabat 2017-niň Başlanmagyna 100 Gün Galdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyna Badalga Berildi

syrach