21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Lebap sement zawody.

Geçen ýylyň fewral aýynda “Lebap” sement zawodynyň dabaraly açylşy boldy. Senagat taýdan örän uly bolan bu kärhana Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda döredilýän giden bir senagat önümçiliginiň nobatdaky tapgyry boldy. Özüniň innowasion tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu zawod Orta Aziýada iň häzirkizaman önümçilikleriň biridir. Onuň ulanylmaga berilmegi bolsa senagat pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňe ädilen ädimdir. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda sement ýaly gurluşykda zerur bolan önümleri öndürmek boýunça senagat gurluşy işjeň döredilýär. 

2013-nji ýylda sementiň öndürilişiniň 193,3 göterim bolmagy bu pudakda gazanylan hakyky işleri we ykdysady görkezijileri aýan edýär. Sarp edijilere 3 mln. 68 müň tonna sement iberildi. 

Pudagyň ilkinji kärhanasy Keletäniň sement zawody 2000-nji ýylda ulanylmaga berildi. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 686,31 müň tonna sement öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana M400 we M500 görnüşli portlandsementi, M400 görnüşli sulfata durnukly we tamponaž sementini öndürýär. Olaryň soňkysy türkmen nebitçileri tarapyndan güýüulary berkitmek üçin giňden ulanylýar. 

Bu ýerde sementi öndürmek çyg görnüşde amala aşyrylýar. Mergel, hek daşy, kömekçi – kwars çägesi, gips, şeýle hem demir magdany esasy çig mal bolup hyzmat edýärler. Bu kärhanada russiýada öndürilen tehnologiki enjam oturdylandyr. 

Baharlynyň we Blkanyň kuwwatly sement zawodlary Keletäniň kärhanasynyň üstüni ýetirdi. Bu çylşyrymly tehnologiki toplumlar düýpgöter tapawutlydyr. Olaryň önümçilik işleri dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr, dünýäniň belli firmalarynyň täze enjamlary, awtomatlaşdyrylan ulgamy we iň häzirkizaman tehniki taýadan arassalaýyş bilen üpjün edilendir 

Baharlynyň, Balkanyň we Lebabyň sement zawotlarynda önüm gury görnüşde alynýar. Bu ýerde daş heki, toýun ýa-da argillit, kömekçi goşundy hökmünde – kwars çägesi, gips, demir magadany çig mal hökmünde ulanylýar. Sement önümçiliginde ulanylaýn çig mallaryň ählisi diýen ýaly – umumy möçberden 96% Türkmenistanyň çäklerinden gazylyp alynaýr. 

Ahal welaýatyndaky Baharly sement zawody 2005-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu önümçilik ýylda M400 we M500 görnüşli ýokary hilli portlandsementiň 1 mln. tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 

Balkanyň we Lebabyň sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 mln. tonna ýokary hilli sement öndürýär. Bu kärhanalarda sementiň M400 we M500 görnüşleri we sulfata durnukly M400 görnüşi öndürilýär. 

 “Kawasaki” (Ýaponiýa) we “Polisius” (Germaniýa) bu önümçilikleriň taslama düzüjileri we esasy tehnologiki enjamlary öndürijiler bolup durýarlar, awtomatlandyryş we elektik ulgamlaryny bolsa – Siemens” (Germaniýa) we “ABB” (Şweýsariýa) bolup durýar. “FLS Ariteсh” (Daniýa) we “SСHEUСH” (Germaniýa) kompaniýalary zyňyndy gazlary arassalaýyş we önümçilik tozanlaryny sorýan tehnikalar bilen üpüjün etdi. Bu häzirki zaman enjamlary tozany yzyna önümçilige gaýdyp almagy önümiň öndürilişiniň ýitgisiz bolmagyny üpjün edýär.  Sementi almak işini seljermek we öndüriýän önümiň hilini barlamak üçin bu kärhanalaryň ählisinde ýöriteleşdirilen barlaghanalar hereket edýär. 

Şeýleleik bilen, ýurtda gysga wagtyň içinde gymmat bahaly önümi almagyň senagaty ýola goýuldy. Onuň zerurlygy ýurduň magdan däl materiallarynyň işlenilip taýýarlanylyşyny mundan beýläk artdyrmaga, demirbeton gurluşlaryny öndürýän kärhanalaryň durnukly işlemeklerine şertleri döredýär. Bu ýerde esasy zat – içerki bazary şeýle ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümler bilen üpüjün edilmegi bolup durýar. Bu bolsa möhüm özgertmeler maksatnamalary amala aşyrýan iri göwrümli gurluşyk işleri üçin hökmany zatdyr.

Degişli makalalar

Watana Gulluk Tamamlanmaýar

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

syrach