24.6 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hepdäniň Wakalary

Hepdäniň Wakalary

Hepdäniň wakalary halkymyzyň döredijilikli zähmeti Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady.

Geçen hepde Türkmenistan milli bähbitleriň goraglylygyna we tutuş dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynda, Watanymyzyň ähli pudaklarda gazanylan zähmet ýeňişlerine hem-de üstünliklere beslenen Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçen 2016-njy ýyly tamamlady.

Geçen ýylyň jemleri ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadamynyň nobatdaky pursatlarynda täze ýeňişler üçin pugta binýady döretdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň 26-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde beýan eden deslapky makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi äşgär duýulýar. 2016-njy ýylda onuň ösüş depgininiň 6,2 göterim bolmagyna garaşylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen ýylda bellenilen meýilnamalaryň hemmesi diýen ýaly ýerine ýetirildi, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi, şeýle hem indiki ýyl üçin oýlanyşykly Döwlet býujeti kabul edildi. Ilatymyz üçin durmuş ýeňillikleriniň hemmesi saklandy.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 200-den gowragy ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menzili, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilen ilkinji nobatdakysy bar. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdi. Lebap welaýatynda kuwwatly elektrik bekedi, paýtagtymyzda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti guruldy. Täze binalaryň hatarynda jemi meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary, köp sanly mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalar, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe myhmanhanalar bar.

2016-njy ýylda Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlyklygyna bäşinji gezek saýlanyldy. Şeýle hem Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň üç toparyna saýlanyldy. Paýtagtymyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahat ýokary derejede geçirildi. Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi maslahatyň oňyn netijesi bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistan ýakynda 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyz hem-de mähriban halkymyz üçin 2016-njy ýyl, kynçylyklara garamazdan, netijeli ýyllaryň biri boldy.

Bilelikdäki mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Döwlet migrasiýa gullugyna Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly işleriň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri nazara almak bilen, ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” şygary astynda geçirmegi teklip etdi hem-de ýylyň nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Hepdäniň dowamynda Täze, 2017-nji ýyl mynasybetli dabaralar dowam etdi. 28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, bu ýerdäki çagalaryň şatlygyny paýlaşdy. Bu ýerde guralan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinden has tapawutlanan çagalar çakylyk aldylar. Olar ders olimpiadalarynyň, sport hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileridir, çagalar öýlerinde terbiýelenýänlerdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşajyk türkmenistanlylar özleriniň döredijilik we paýhas ukyplaryny işjeň ösdürýärler, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary ýurtlarda guralýan abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, wagt tapyp, Baş arçanyň ýanynda guralýan baýramçylyk çärelerine her ýyl gatnaşýar. Her gezek hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller bilen guraýan söhbetdeşligi Watanymyzyň geljegi, ertirki gün baradaky gürrüňdeşlige syrygýar.

Täze ýyl baýramynyň dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda dowam etdi. Bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň agzalary çagalary we agtyklary bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylary we dabara gatnaşyjylaryň hemmesini Täze ýyl bilen gutlady we çagalara gowy okamagy, ýurdumyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmegi, hemişe şadyýan we bagtly bolmagy arzuw etdi. Döwletimiz çagalaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli alada eder. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň düýpli we döwrüň talabyna laýyk bilim almagy üçin zerur şertler döredilendigini belledi.

29-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň Prezidentini milli parlamentiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we 2017-nji ýylda şu döwür üçin meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetiriljekdigine, öňde durýan maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Baýramçylyk maksatnamasyna sungat ussatlarynyň çykyşlary, aýdym-sazlar, tanslar, dürli döredijilik çykyşlary girizildi. Olarda folklor ýörelgeleri döwrebap estrada aýdymlary bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz döreden täze aýdymlaryny ýerine ýetirmegi, olaryň şirin owazlylygy, many-mazmuny we kalba ýakynlygy dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Tomaşaçylar bu aýdymlar üçin yzy üzülmeýän el çarpyşmalary eçildiler.

Köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Täze ýyl gijesini ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda garşyladylar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança baýramçylyk lybasyna beslendi. Bu ýerde köpöwüşginli yşyklandyryjylaryň, arça oýnawaçlarynyň we beýleki serişdeleriň sazlaşygyndan ajaýyp görnüş emele geldi. Täze ýyla bagyşlanan aýdym-sazlary ýerine ýetiren meşhur aýdymçylar öz ussatlygyny görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde folklor çykyşlary, häzirki zaman eserleri, joşgunly estrada aýdymlary belent ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikde “Hoş geldiň, Täze ýyl!” atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar bu aýdymy agzybirlikde goldadylar.

Gurnalan teleköpri arkaly ýurdumyzyň welaýatlary Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan dabaralara goşuldylar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda ýaş ýerine ýetirijileriň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Oňa köpsanly tomaşaçylar gatnaşdy. Şeýle hem göni ýaýlymda gutlag sözleri, goşgy setirleri, ýörite taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary görkezildi.

“Oguzhan” köşkler toplumyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl mynasybetli Gutlagy göni ýaýlym arkaly eşitdirildi. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylyň ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünliklere beslenendigini belläp, 2017-nji ýylyň hem ösüşiň, ruhubelentligiň we ajaýyp üstünlikleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi.

“Goý, 2017-nji ýyl Watanymyz we mähriban halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ildeşlerimize berk jan saglyk, her bir maşgala agzybirlik, rysgal-döwlet arzuw etdi.

Şeýle hem geçen hepde möhüm wakalara baý boldy. Garaşsyz türkmen döwletiniň demokratik we hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda netijeli ädime öwrülen saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsüme badalga berildi. Geçen hepdede Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada Merkezi toparynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine hödürlän dalaşgärleriniň ýene-de bäşisi hasaba alyndy. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet wezipesine saýlawlara dalaşgärleriň sany 9-a ýetdi.

Bellige almak tapgyry tamamlanandan soň wagyz işleri boýunça çäreler — dalaşgärleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy. Saýlawyň öňüsyrasyndaky çäreleriň barşyna gözegçiligi milli synçylar hem-de dürli halkara guramalarynyň ýörite çagyrylan wekilleri amala aşyrar.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada habarlary ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Öňde duran Oýunlar Türkmenistan üçin sportuň üsti bilen özüne dünýäni açmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Şonuň üçin hem eýýämden bu halkara ýaryşlaryna taýýarlygyň guramaçylykly alnyp barylýandygy hakda maglumatlar bilen yzygiderli tanyşdyryp durmak örän möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, abraýly halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän tälimçilerimizi we türgenlerimizi sylaglamak Türkmenistanyň syýasatynyň wajyp ugruna öwrüldi. Döwlet bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny goýýar. Milli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde halkara derejesindäki iri sport toplumlary guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakulteti üçin binanyň gurluşygyna badalga berler. Paýtagtymyzda ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabar bahasy bolan Olimpiýa şäherjiginiň açylmagy 2017-nji ýylda taryhy wakalaryň biri bolar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna bagyşlanan 500 günlük atly ýörişe gatnaşýan ajaýyp ahalteke atlaryna atlanan 17 çapyksuwar Daşoguz welaýatynda geçirilen Täze ýyl baýramçylyk dabaralarynyň iň arzyly myhmanlary boldular. Sebitiň baýramçylyk meýdançalarynda bolan duşuşyklaryň barşynda sportuň gujur-gaýratyň, owadanlygyň we sagdynlygyň gözbaşy bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň türgenleri Watanymyzyň sport abraýyny sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda abraý bilen goraýarlar. Aziada—2017-niň giň göwrümli ýaryşlaryna gatnaşmak her bir türkmen türgeni üçin arzyly maksat, belent abraý bolup durýar.

Geçen hepdede «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçdi. Onda ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysynyň wekilleri täze milli rekordlary goýdular. Olaryň üçüsi halkara derejeli sport ussady Gülnabat Kadyrowa, ikisi Aýsoltan Toýçyýewa, ýene-de ikisi sport ussady Polina Gurýewa degişlidir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek milli ýygyndymyzyň düzümi 2017-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Aziýa çempionatynyň netijeleri boýunça gutarnykly kesgitlener.

3×3 görnüşli basketbol boýunça Eýndhowen şäherinde (Gollandiýa) geçen halkara ýaryşda biziň zenanlar ýygyndymyz altyn medala, erkekler ýygyndymyz bolsa kümüş medala mynasyp boldy. 3×3 görnüşli basketbol Aziada—2017-niň maksatnamasyna girýär. Sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etmeli basketbolçylary Türkmenistanyň ýazky çempionatynyň hem-de ýurdumyzyň kubogy ugrundaky oýunlaryň netijeleri görkezer.

Watanymyz häzirki döwürde öňde duran belent maksatlara barýan ýoldan bir pursat hem säginmän öňe barýar. Geçen hepdäniň wakalary hem muny aýdyň görkezýär. Biz täze, 2017-nji ýyla ýagşy niýetler, ajaýyp arzuwlar bilen gadam basdyk. Täze ýyl türkmen döwletiniň ösüşiniň aýratyn ýyly bolar. Jemgyýetimizdäki agzybirlik hem-de döredijilikli zähmet, edermen we ruhubelent türkmen halkynyň häzirki hem-de geljekki ägirt uly üstünlikleriniň gözbaşydyr.

Degişli makalalar

Halkara Ekologiýa Forumynyň Jemleri Jemlendi

Stambulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

turkmenhabargullugy

Kiýewde Türkmenistanyň bitaraplygyna Bagyşlanan Halkara Konferansiýa Geçirildi

syrach