18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

2017-nji Ýylyň Ilkinji Körpesi

2017-nji Ýylyň Ilkinji Körpesi

Täze, 2017-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýene-de bir körpeje türkmenistanly dünýä indi. Ol Türkmenistanda ýetip gelen ýylda doglan ilkinji çaga boldy.

Elbetde, her gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp çaga dogulýar. Ýöne Täze ýyl gijesi dogulmak çaga hem-de onuň maşgalasy üçin aýratyn mana eýedir. Çünki biziň köpimiz üçin 1-nji ýanwar–bu täze ýylyň başlanýan günüdir, kimdir biri üçin bolsa – bu täze durmuşyň başlanýan döwrüdir.

Ene we ata üçin ajaýyp sowgatdyr! Bu çaga Bahargül we Azymberdi Palçyýewleriň ilkinji perzendidir.

TDH agentligine habar berişleri ýaly, çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 145 gram, boýy 50 santimetr. Ene-atasy öňümizdäki Aziada-2017-niň hormatyna çaga Pälwan adyny dakmagy göz öňünde tutýarlar. Gutarnykly çözgüt milli däp-dessurlardan ugur alnyp, maşgala geňeşinde kabul ediler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze doglan çaganyň ene-atasyna sowgat gowşuryldy hem-de çaganyň dogulmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglar, bagtyýar durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar ýetirildi.

Döwletimiz maşgalany we eneligi goldamaga aýratyn üns berýär. Enelere çagalaryna seretmek üçin kömek puly berilýär, şeýle hem göwrelilik döwründe kömek puly we çaga doglandan soň, goşmaça dynç alyş rugsady göz öňünde tutulandyr. Munuň özi bolsa çaganyň ilkinji günlerden sagdyn ösmegini üpjün edýär.

Sagdyn göwreliligi hem-de sagdyn çagalaryň dogulmagyny üpjün etmek, çaga dogrulýan öýlerde şertleri gowulandyrmak we beýleki ugurlary öz içine alýan “Howpsuz enelik” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şeýle hem azganlylyga garşy göreşmek we onuň öňüni almak maksatnamasy hereket edýär. Çaga dogurmaga ukyply ýaşyndaky hem-de göwreli aýallar, iki ýaşyna çenli bolan çagalar şol maksatnamanyň çäreleri bilen gurşalyp alnandyr.

Türkmenistan “Azyk duzuny ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak” meýilnamasy boýunça güwänama eýedir.
Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş, keseliň öňüni alyş we anyklaýyş edaralarynyň hem-de sagaldyş merkezleriniň, şypahana toplumlarynyň köpşahaly ulgamy döredilýär. “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkezi bu ulgamyň möhüm bölegidir.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda açyldy. Ol özüne ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny, akuşerçilikde, perinatologiýada, intensiw terapiýada we bäbekleriň reanimasiýasynda, lukmançylyk genetikasynda, reproduktologiýada tejribäni hem-de dörebap tehnologiýalary, keseli anyklaýyş we maslahat beriş hyzmatlaryny, çaga kesellerini bejermegiň ugurlaryny birleşdirýän iri lukmançylyk edarasydyr.

Bu ýerde irki ösüş we irki dikeldiş bölümi hem hereket edýär. Şol bölüm pediatriýada umumymilli derejede täze ugurdyr.

Bölümiň hünärmenleriniň wezipeleri çaganyň ösüşinde kemçilikleri has irki döwürde ýüze çykarmakdan we bejermekden, maşgala usulyýet kömegini hem-de psihologiki kömegi bermekden, çagalar üçin okuw we ösüş oýun sapaklarynyň şahsy maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan hem-de oňa ene-atalary çekmekden ybaratdyr.

ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamasyna laýyklykda, çaganyň irki ösüşi boýunça maksatnamanyň çäklerinde bu ulgamda milli tälimçileri we ýörite hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň çaganyň irki ösüş merkezleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda tapgyrlaýyn okuwlar geçirilýär. “Türkmenistanda ösüş we irki goşulyş pediatriýasyny ornaşdyrmagyň konsepsiýasy” işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeleriň geçirilmegi, ilkinji nobatda, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini, elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şol hyzmatlar bolsa saglygy goramak meselelerini çözmekde dürli döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň, halkara guramalarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Goldaw bermek ulgamyny ösdürmek arkaly enelere we çagalara edilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. BMG-niň edaralary (BSGG, ÝUNISEF, Ilat gaznasy) bilen bilelikde zenanlaryň saglygyny goramaga, netijeli perinatal tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmaga gönükdirilen uly we netijeli işler alnyp barylýar.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň esaslary lukmançylyk uniwersitetiniň, lukmanlaryň hünärini kämilleşdiriş kafedralarynyň, ýörite orta lukmançylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna girizildi. Ýurdumyzyň çaga dogrulýan edaralarynyň ählisi ene süýdi bilen iýmitlendirmek babatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerini tejribä ornaşdyryp, “Çaga hoşmeýilli garamagyň hassahanasy” diýen halkara derejesine eýe boldy. Ilatyň arasynda ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, her ýyl 1-7-nji sentýabr aralygynda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň milli hepdeligi geçirilýär. 2016-njy ýylda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda enäni we çagany goramagyň döwlet kepillikleri berkidildi.

Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar we sagdyn enelik hem-de çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goralmagy, aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi üçin iň gowy şertleriň döredilmegi barada hemmetarpalaýyn alada etmegi döwlet Baştutanymyzyň enelerimizi jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň mizemez daýanjy hasaplaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Enelere şeýle uly üns berilmegi jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty hem-de milli özboluşlylygyň aýratynlyklary, medeniýetiň, bilimiň, saglygy goraýşyň ösüşiniň zerurlyklary, ruhy däp-dessurlaryň aýawly saklanmagy hem-de dowamatlylygy bilen şertlendirilendir. Çünki türkmen jemgyýetinde zenanlara ähli döwürlerde-de diňe bir maşgalada däl, eýsem, tutuş jemgyýetde aýratyn sarpa goýulýar. Eneler maşgala ojagynyň ýylysyny we jemgyýetimiziň ahlak esaslaryny, ruhy gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwer ýörelgelerini gorap saklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow enäni we çagany durmuş taýdan goramak ulgamyndaky wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp: “Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýet hem şonça baýdyr!” diýip nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde köpçagalylyk “jemgyýetiň durmuş abadançylygynyň, onuň ertirki güni bolan ynamynyň alamatydyr”.

Degişli makalalar

Türkmenistan-BMG: gender syýasaty meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürip

syrach

Turkmenistan Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy.

syrach