18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ÝHHG Hukuk Goraýjy Edaralarynyň Hünärmenleri Üçin Transmilli Howplara Garşy Göreşmek Boýunça Trening Geçirýär

Hukuk goraýjy edaralarynyň 17 sany hünärmenleri 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda tamamlanan Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşen Türkmenabat şäherinde guralan serhetlerde gözegçilik etmek we ýüze çykarmak boýunça ÝHHG tarapyndan guralan okuw kursuna gatnaşdylar.

Bäş günlük amaly okuwlara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet Serhet gullugynyň we Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goramak boýunça döwlet gullugynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Okuwyň maksady – neşe serişdelerini we himiki prekursorlaryny ýüze çykarmak üçin zerur bolan gatnaşyjylaryň hünär başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek bolup durýar. 

ÝHHG-niň Merkeziniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Riçard Uileriň belleýşi ýaly: “Guramaçylykly jenaýat bilen aýratyn bagly bolan transmilli howplar ÝHHG-niň gün tertibinde ileri tutulýan orny eýelemegini dowam edýär. ÝHHG-niň tutuş sebitde hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenlerini okatmak babatynda öňdebaryjy orny üstünlikli eýeläýändigini nazarda tutup, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem dürli transmilli howpsuzlyk wehimlerine garşy göreşmek boýunça häzirki zaman usullarynyň yzygiderli alyş-çalyş edilmegine ýardam bermek babatynda çäreleri geçirýär”. 

Okuw kursuny ÝHHG-niň we BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Edarasynyň bilermenleri geçirdiler, olar ÝHHG-niň serhetleriň we serhet düzgüniniň howpsuzlygy, neşe, himiki we radioaktiw jisimleriň bikanun daşalmagynda ulanylýan umumy howpsuzlyk wehimleri we häzirki zaman usullary ulgamyndaky Konsepsiýasyny beýan etdiler. 

Bilermenler adamlary, olaryň şahsy zatlaryny, dürli ulag görnüşlerini we ýük konteýnerlerini barlamagyň, şeýle hem galtaşmasyz tehnologiýalary ulanmagyň ýöriteleşigini açyp görkezdiler. Gatnaşyjylar serkerdäniň wyždany we onuň transmilli jenaýatçylykly işlere garşy göreşmekdäki ähmiýeti, şeýle hem hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan şahsy töwekgelçilik ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Okuwlaryň maksatnamasyna otaglardaky nazary bilimler hem-de «Farap» gözegçilik-göýberiş nokadynda geçirilen gözleg we ýüze çykarmak amallary boýunça amaly işler girizildi. 

Degişli makalalar

2017-nji Ýylyň Apreli: Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Aşgabatda Türkmen-Wenger Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi