19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanly Mekdep Okuwçylary «I-SWEEEP» Taslamalarynyň Halkara Bäsleşiginde Medallaryň Dördüsini Eýelediler

Türkmenistanly Mekdep Okuwçylary «I-SWEEEP» Taslamalarynyň Halkara Bäsleşiginde Medallaryň Dördüsini Eýelediler

Ýaş oýlap tapyjylaryň International – Sustainable World Engineering Energy Environment Project bäsleşigi ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi. Hatarynda ýaş oýlap tapyjylaryň altysy bolan türkmen toparyna paýtagtymyzdaky ýörüteleşdirilen 97-nji mekdebiň himiýa mugallymy Atamyrat Şahanow ýolbaşçylyk etdi.

Innnowasion täzelikleriň bäş günlük gözden geçirilşine dünýä ýurtlarynyň 65-sinden dört ýüze golaý okuwçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşanlar bilelikdäki we özbaşdak taslamalaryň iki ýüzden gowragyny teklip etdiler, olara halkara emin agzalary baha berdiler.
Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 97-nji mekdebiniň uly synp okuwçylary Gowşut Allamyradow bilen Rahman Rahmanow kümüş baýraga mynasyp boldylar. Olar suwy nebit önümleriniň galyndylaryndan arassalamk boýunça bilelikdäki taslamasy üçin ikinji orny eýelediler. 3D ölçegli interaktiw kompýuter tanyşdyrylyşy köp sanly tejribelerde synalan bu ylmy teklibiň wajyplygyna doly derejede baha bermäge mümkinçilik berýär. Okuwçylar tejribeleri geçirenlerinde onuň senagat usulynyň—ýörüte arassalaýjyly enjamly tankeriň suwy galyndylardan 80-90 göterim arassalamaga mümkinçilik berýändigi barada netijä geldiler. Bu täzelik ozal Türkiýede geçirilen abraýly halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp bolupdy. Şondan soň oglanlar ABŞ-da geçirilýän ýaş oýlap tapyjylaryň bäsleşigine çagyrlypdy, bu ýerde hem olaryň taslamasynyň möhümligi ýene bir gezek subut edildi.

Türkmenabat şäheriniň ýörüteleşdirilen 41-nji mekdebiniň uly synp okuwçylary Eziz Nurullaýew bilen Muhammetjan Hudaýbergenow milli ykdysadyýetiň nebit-gaz pudagyna bagyşlanan taslamasy üçin bürünç baýragy eýelediler. Olar bilelikdäki işi fizika mugallymy Toýly Gurbanowyň ýolbaşçylgynda taýýarladylar.

Türkmen okuwçylarynyň ikisine— Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 97-nji mekdebinden Aýnur Işanowa bilen Selbi Öwezmyradowa baýrakly orna düşmäge birnäçe ball ýetmedi, olar daşky gurşawy goramak babatda bilelikdäki taslamasynyň wajyplygy üçin Hormat hatlaryna mynasyp boldylar.
Wiktoriýa NOWIKOWA

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Däneçilik Hakynda

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Tejen Derýasynyň Üstünden Geçýän Awtomobil Köprüsi Ulanylmaga Berildi