17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ÝHHG-nyň Wekili Türkmenistanyň Mejlisinde Kabul Edildi

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady, şol sanda milli kanunçylyk ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatldaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Häzirki döwürde halkymyzyň bähbidiniň goralmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokrtaik özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Abraýly halkara guramasynyň wekiliýetiniň agzalary milli kanunçylygyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän hukuk özgertmeleriň wajyp ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, parlament edaralaryny ösdürmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy barada aýtdylar. 

Wekiliýetiň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda  olaryň “ÝHHG-niň Parlament assambleýasy: mandat, işiň ugurlary we möhüm meseleler”  ady bilen geçirilýän maslahata hem-de Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetinde geçiriljek duşuşyga gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy

Küşt-Şaşka Mekdebi

syrach

Belarus Respublikasynda türkmen sirkiniň çykyşlary başlandy.

syrach