25.6 C
Aşkabat
12.05.2021
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Ço Dae-hýun Bilen Duşuşyk Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolmagynyň barşynda Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti Ço Dae-hýun bilen duşuşyk geçirdi.

Teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny Seulda ýokary derejede döwletara gepleşikleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de ikiçäk duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda kemala gelen netijeli hyzmatdaşlygyň gyzyklanma döredýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdi.

Ço Dae-hýun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýäde sport babatda gazanan uly üstünliklerini belläp, Azýianyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, sporty giňden wagyz etmäge hem-de halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek örän iri sport çärelerini geçirmäge hukuk alan Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.
 
Duşuşygyň barşynda şu ýyllaryň dowamynda türkmen döwletiniň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça maksadaokgunly, yzygiderli işleri geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzda bu ulgamda hereket edýän milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, her ýyl “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  ady bilen köpçülikleýin sport çäreleriniň biraýlygy guralýar. Şeýle hem “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni hem-de sporty goldamak we ösdürmek boýunça milli maksatnama” kabul edildi, onuň çäklerinde ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar hem-de ösen sport düzümlerini döretmek boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär, Ýene bir ägirt uly täze desga – türkmen paýtagtynda bina edilýän sebitde örän iri Olimpiýa toplumy olaryň üstüni ýetirer, bu ýerde Aziada-2017-niň esasy bäsleşikleri geçiriler. 

Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzda ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmäge, Aziýanyň sport guramalary  we Halkara sport federasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Aşgabady dünýäniň iň iri sport mekrezleriniň birine öwürmäge gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarydyr. 

Işewürlik we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen  Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň  Aziada taýýarlyk görmegiň hem-de ony giňden şöhlelendirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşigiň agzalary bolan ýüzlerçe kompaniýalaryň tele we radio ýaýlymlarda türkmen paýtagtyndan täzelikleri, reportažlary Ýer ýüzüne ýaýmaklaryna garaşylýar, olar dünýäniň 62 ýurdunda milliardlarça tomaşaçy üçin habarlary ýetirerler.  Mälim bolşy ýaly, bu meseleler eýýäm şu aýyň başynda Aşgabatda geçirilen “Aziada-2017 we parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmekde Türkmenistanyň orny”  atly halkara maslahatynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Halkara sport media-forumynda  ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Aziýa – Ýuwaş ummany Teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti Ço Dae-hýun köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly sporty wagyz etmegi esasy ugur edinýän netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş halkara hem-de sebit derejesindäki abraýly sport bäsleşiklerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Atavatan – Türkmenistan Halkara Žurnaly ertir.com Saýtynda

syrach

ÝB Transhazar Gaz Geçirijisi Boýunça Gepleşikleri Geçirmäge Ykrarlydygyny Tassyklaýar