26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Alymlar! Gadyrly Myhmanlar!

Hormatly Alymlar! Gadyrly Myhmanlar!

Hormatly alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, «Görogly» şadessanyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatynyň işiniň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkara derejesinde şeýle ylmy maslahatyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Häzirki wagtda biz Garaşsyz döwletimizi taryhy ösüşlere beslemek, ýurdumyzy syýasy, ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alýan bu maksatnamalar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetmegine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň dünýä taryhynda özboluşly orun alan şöhratly geçmişini, taryhy-medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys.

Gadyrly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Türkmen halky gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten baý medeni mirasyna, halk döredijiligine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn hormat-sarpa goýýan, öz medeniýeti we sungaty bilen dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşmagy başaran halkdyr. Merdana halkymyzyň dürli öwüşginlere baý medeniýeti, watançylyk duýgularyna eýlenen gadymy şadessanlary, aýdym-sazlary, halk döredijiligi, sungat derejesine ýetirilen milli senetleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrüldi. 2015-nji ýylda «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly waka boldy.

«Görogly» şadessany türkmen halkynyň watançylyk ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän, nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine, milli mirasyna söýgi döredýän gymmatly eserdir. Türkmen bagşylarynyň toýlarda «Görogly» şadessanynyň şahalaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri, toýa gelen mähelläniň kalby ganatlanyp, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny tüýs ýürekden goldamagy agzybirligiň we ruhubelentligiň alamatydyr.

Watançylyk mekdebi bolan «Görogly» şadessany pähim-paýhaslar ummanydyr. Şadessanda öňe sürülýän belent garaýyşlar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halklarynyň hem bähbidine gönükdirilen, ynsanperwerligi, halallygy, jebisligi, adamkärçiligi ündeýän çuňňur paýhaslar dünýäsidir. Munuň özi «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki ornuny we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

«Görogly» şadessanyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipe hem, bu gymmatly eseriň dünýä medeniýetindäki ornunyň we ähmiýetiniň näderejede uludygyny açyp görkezmekden, şadessanda beýan edilýän umumadamzat bähbitli garaýyşlaryň many-mazmunyny çuňňur öwrenmekden hem-de dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki wagtda biz geçmiş mirasymyzy, milli ruhy gymmatlyklarymyzy goramak we öwrenmek, kämilleşdirmek, halkymyzyň däp-dessurlaryny dikeltmek, ruhy baýlygyny artdyrmak hem-de bagtyýar nesillerimize ýetirmek ugrunda tutumly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlary bu işleri amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Biz milli mirasymyzy goramagy we öwrenmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, merdana halkymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmäge, gorap saklamaga hem-de geljek nesillere ýetirmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli geçireris.

Hormatly alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

Bu halkara ylmy maslahatynyň «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki ornuny öwrenmek hem-de halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Sizi ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

Döwlet Eýeçiligindäki Kärhanalary Hususylaşdyrmagyň Oňyn Netijeleri

Türkmenistanyň we Koreýanyň Işewür Toparlary Hyzmatdaşlygyň Geljekki Ugurlaryny Kesgitlediler