18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Deňiz Portunyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Deňiz Portunyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýän möhüm ýagdaý hökmünde üstaşyr-ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, deňiz, howa, demir ýol hem-de awtomobil gatnawlaryny goşmak bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” häzirki zaman ulag gatnaşyklarynyň ulgamy yzygiderli kemala getirilýär. Bu bolsa özara bähbitli sebit hem-de Ýewraziýa giňişliginde sebitara söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly geljegi açýar.

Hazaryň kenarynda bina edilýän täze Halkara deňiz menzilinde bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ol tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu iri maýa goýum taslamasy parom, ýolagçy we konteýner terminallarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükleri we polipropileni ýükläp ugradýan terminallar hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hem girýär.

Geçirijilik mümkinçiligi ýylda 17-18 million tonna ýüke barabar bolan inedördül metrden gowrakdyr, gämi duralgasynyň ugrunyň uzynlygy 3 müň 800 metrdir. Şunda menziliň täze çäklerini döretmek üçin düşelen topragy möçberi 5 million kub metre barabardyr. Gämileriň duralga gelmegi üçin düýbi çuňaltmak işlerinde gazylyp alynýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden köpräkdir.

Gämi duralgasynyň diwary hem-de menziliň düýbi kuwwatly enjamlaryň we topragy dykyzlandyrmak üçin paýalaryň kömegi bilen utgaşykly täsir berilmelere sezewar edilýär. Deňiz kenaryna diametri 1422 millimetr bolan polat paýalaryň jemi 2 müň 563-si urlup oturdyldy, olar demir beton bilen guýulýar. Paýalar sanlary görkeziji enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şolardan maglumatlar dolandyryş ulgamynyň kompýuterine çykarylýar hem-de ýörite programma bilen hasaplanylýar. Paýalaryň ýagdaýy baradaky bu maglumatlar tehniki taýdan goldaw beriji deňiz menziliniň gullugy üçin zerurdyr.

Bu ýerde gämi duralgalarynyň gidrotehniki desgalaryň gurluşygyndan başga-da, kenar düzümlerine degişli köp sanly desgalaryň bina edilmegi göz öňünde tutulýar. Ol hem ulag üpjünçiligini: umumy uzunlygy 3,9 müň metrden gowrak bolan estakadaly aýrytlary bolan awtomobil ýollary hem-de 30 müň metre golaý demir ýollary özünde jemleýär. Umuman, bularyň ählisi ýörite tehnikalaryň we enjamlaryň müňlerçesiniň ulanylmagynda alnyp barylýan işleriň ägirt uly gerimi barada aýdyň düşünje berýär.

Gurluşygyň täze deňiz portunyň tehniki esasy barada aýdylanda bolsa, ol ugrukdyrmagyň hem-de ýükleri daşamagyň howpsuzlygyny we netijeliligini hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ähmiýet berýän daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan iň döwrebap progamma-enjamlar toplumlary bilen enjamlaşdyryldy. Menziliň çäklerinde gämileriň hereketine, ähli ýerlerde ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine gözegçilik etmek şol döwürdäki wagtyň tertibinde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylar.

Awtomobil-ýolagçy parom terminaly 230 müň inedördül metr meýdany tutýar, bir wagtda onuň gämi duralgasyna birnäçe gämiler gelip biler. Ol ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat eder. Ýolagçy terminalynyň binasy 400 orna niýetlenendir, menziliň ýanynda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak hem meýilleşdirildi. Bu ýerde häzirki zaman derejesinde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur işleriň ählisine degişli ulgam dörediler. Bu düzümde işgärleriň 200-si işlär.

Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU barabar bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär. Bu strategik desga sebitiň eksport-import logistika ulgamyna Türkmenistanyň mynasyp goşandy bolar. Multimodal logopark howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak hem-de utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlaryň toplumyny amala aşyrar.
Konteýner terminalynyň gämi duralgasynyň uzynlygy 510 metrdir, bu bolsa ýük ýükleýiş we düşüriş işlerini birbada jemi ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämilerde alyp barmaga mümkinçilik berer.

Deňiz menzili ýükleri işlemek üçin iň täze enjamlara hem-de ýük göteriji ýörite ulag tehnikalaryna eýe bolar. Konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşindäki gämi duralgasynyň ýük ýükleýiş we düşüriş tehnikasy işlär, şeýle ýük göterijiniň her biri 12 sagatda 300 konteýneri bolan bir gäminiň ýüküni düşürip biler.

Terminalda geçirijilik mümkinçiligi bir günde 50 TEU bolan baş paýlaýjy merkez (CFS — Container Freight Station) gurulýar, onuň wezipesine ýükleri degişli ugurlary boýunça bölüşdirmek işleri girer.

Şeýle hem şol wagtky ähli maglumatlary operatorlaryň monitorlaryna çykarmak bilen, gözegçilik etmegiň hemra ulgamy bilen enjamlaşdyryljak konteýner terminalynyň CTQI (Container Terminal Quality Indicator — konteýner terminallarynyň hiliniň görkezijisi) ölçegine laýyklykda taslamalaşdyrylandygyny bellemek gerek. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bütin dünýäde konteýnerler dolanyşygynyň depginli ösýändigi nazara alynýar. Bu bolsa, elbetde, konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna täsir etdi. CTQI-niň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde hile gözegçilik etmegiň ýeke-täk ulgamyny döretmäge kömek etdi.

Ürgün ýükleriň terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, oda çydamly gurluşyk serişdelerini, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, dänäni, şekeri, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin ulanylar. Olary saklamak üçin ammarlar gurlar.

Iň uly desgalaryň biri umumy ýükleriň terminalydyr. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, demri, polady, agajy, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ugratmaga niýetlenendir. Bu terminalyň deňiz duralgasynyň diwarynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämileri bir wagtyň özünde işlemek bolar. Kuwwatly rels we ykjam port ýük göterijileri ýükleri ýüklemäge hem-de düşürmäge niýetlenendir.

Polipropileni saklamak we ýükläp ugratmak boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, onda bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan nebit önümleriniň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda örän uly islegden peýdalanýar. Muňa, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini sarp edijileriň çäkleri örän giňdir. Olara Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan hem-de beýleki daşary ýurtlary girýär. Eksport harytlarynyň agramly bölegi deňiz bilen ugradylýar.

Mundan başga-da, Hazaryň kenarýakasynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürjek ýene-de bir döwrebap toplum gurulýar. Häzirki hereket edýän polipropilen terminalynyň geçirijilik ukybyny giňeltmegiň zerurlygy hem hut şol talap bilen esaslandyrylandyr.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň giňişliginde ähli ýerlerde ýük ýükleýiş we düşüriş işlerine gözegçilik etmegiň şol döwürdäki wagtyň tertibinde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyryljakdygyny ýatlap geçeliň.

Bu taslamanyň “Ýaşyl port” (Green port) halkara ölçeglerine laýyklykda, daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň nazara alnyp işlenip taýýarlanandygyny bellemek gerek. Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, her terminalda bioarassalaýjy enjamlar gurnalar.

Täze deňiz menziliniň gurluşyk işlerinde gazylyp alynýan topragyň Türkmenbaşy şäheriniň ýakynynda deňiz aýlagynyň giňişliginde emeli adany döretmek üçin peýdalanylýandygy bellärliklidir. 170 gektar meýdany bolan bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, guwlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we guşlaryň beýleki görnüşleriniň mesgen tutjak, höwürtgelejek hem-de gyşlajak ýerine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan desgada işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanşyp, “GAP Inşaat” potratçy kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen gürrüňdeşlikde milli ykdysadyýetimiz üçin hem, tutuş sebit üçin hem ýurdumyzyň täze deňiz “derwezesiniň” ähmiýeti baradaky meseläni gozgady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşyda Halkara deňiz menzilini gurmak boýunça taslamanyň ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň möhüm bölegini, onuň durmuşa geçirilmeginiň 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gämi gurluşyk kärhanasy milli ykdysadyýetimiz üçin düýbünden täze düzümdir, onuň ulanylmaga berilmegi, hakykatda, ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň kemala gelýändigini aňladýar. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde dürli maksatly gämileriň: tankerleriň, gury ýük gämileriniň, tirkegleriň abatlanylmagy üçin işleriň doly toplumy ýerine ýetiriler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň esasy “deňiz derwezesiniň” geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurdumyzyň çäkleriniň “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup durýandygyny nygtady, bu geçelge iri dünýä bazarlaryna çykmaga kömek berýär. Hazaryň kenarynda iň häzirki zaman deňiz portunyň ulanmaga berilmegi Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň amatlaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy tejribäni ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, Türkmenistanyň gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi halkasy bolandygyny, onuň ornunyň diňe ykdysady taýdan däl-de, eýsem, şol döwürde Ýewraziýa yklymynda ýaşan ençeme halklaryň goşulyşmagy bilen kesgitlenýändigini belledi.

Amyderýanyň üstünden geçýän täze awtomobil we demir ýol köprüleri hem gadymyýetde bu derýanyň üstünden geçilen ýerden çekildi diýip, milli Liderimiz belledi. Şol döwürlerde ol Amul diýlip atlandyrylypdyr. Onuň üsti bilen harytlar adybir türkmen şäheri bolan Amula geçirilipdir. Amul tutuş Gündogarda sebitiň söwda merkezi hökmünde şöhratlanypdyr. Häzirki wagtda hem bu döwrebap geçelge Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugurlaryny dolulygyna täzeden dikeltdi.

Bu ýerden harytlary Türkmenbaşa hem awtoulag serişdeleri, hem demir ýol ulagy bilen ugradyp bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýogsa-da, Türkmenbaşy şäherinde, mälim bolşy ýaly, biz häzirki zaman awtobany gurýarys. Şoňa görä-de, ýükler Hytaýdan we yzyna ulaglaryň iki görnüşi bilen ugradylyp bilner. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan sebitde iň iri deňiz menziliniň häzir gurluşygy tamamlanyp barýan Türkmenbaşy şäherinden bolsa ýükleri Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, şol ýerden bolsa Türkiýä hem-de Ýewropa ýa-da Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna, şol ýerden hem ummanyň üsti bilen dünýäniň islendik ýerine iberip bolar.

Biziň döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, täze deňiz menzili Garabogaz şäherinde hem bina ediler, bu ýerde geljek ýyl ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň önüme barabar bolan karbamid zawodyny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag toplumynyň energetika, inžener-tehniki düzümlerini hem öz içine alýan esasy hem-de kömekçi desgalarynyň gurluşygyna ýokary jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Bu desgalar iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidir.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” hem-de flotunyň düzümlerini ösdürmek meseleleriniň Hazar sebitinde öz işlerini amala aşyrýan nebitgaz senagat toplumlarynyň, demir ýol ulagynyň hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň kenarýaka şäheriniň häkimliginiň meýilnamalary bilen anyk utgaşdyrylmalydygyny, özara baglanyşdyrylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere we degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna deňiz arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny guramakda, deňiz menzilleriniň işledilmeginde, ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” ähli desgalarynyň gurluşygyna döwlet tehniki gözegçiliginiň amala aşyrylmagynda iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz türkmen topragynyň täsin, ajaýyp künjeginde ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ýene bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz portuň terminallaryna düşýän agramyň artmagyny, olaryň ýöriteleşmesiniň giňelmegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi. Degişlilikde, häzir bu ugurda täze ylmy işleri, döwrebap tehnikalary almak gerek, ýagny batly depginler bilen işlemek gerek.

Täze port Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, senagat we ulag düzümini ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berer hem-de iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek babatda hem uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, beýleki döwletlerden ýurdumyzyň deňiz ýakasynda dynç almaga gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi.

Şunda döwlet Baştutanymyz Hazaryň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhümdigine ýene bir gezek ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak meselelerine Türkmenistanda uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Bas Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden halkara başlangyçlary şol wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, özboluşly biologik toplumy tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn usullaryny döretmek hakynda başlangyçlar bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine görä hem-de abraýly halkara bilermenleriniň netijelerine laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has arassa kenar hasaplanylýar. Bu işleriň yzygiderli we maksadalaýyk geçirilmegi bilen düşündirilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň iri möçberli taslamasy munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol sebitiň dynç alyş mümkinçiliklerini ulanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Deňiz ýakasynda gurulýan ähli desgalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna hökmany laýyk gelmegi onuň esasy düzgünleriniň biridir.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän holdinginiň ýurdumyz bilen köpýyllyk işewür gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygyny tassyklady. Türkmen döwleti ykdysady taýdan okgunly ösýär, bu bolsa halkara, şol sanda türk işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar.

Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli, däbe öwrülen dostlukly häsiýetini belledi. Bu gatnaşyklar iri bilelikdäki taslamalarda anyk beýanyny tapýar.

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy kompaniýa ynanylan işleriň barşy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýan kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Myhman “Çalyk Holdingiň” ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga üýtgewsiz gyzyklanmasyny belläp, täze teklipleriň birnäçesini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Mary welaýatynda mineral dökünlerini we himiýa önümlerini öndürýän senagat toplumyny, Lebap welaýatynda fosfatly dökünleri öndürýän zawody, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan tebigy gazdan önüm öndürýän zawody gurmagyň taslamalary hödürlenildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynyň täze döwrebap desgasynyň—130 orunlyk ýanygy bejeriş hassahanasynyň taslamasy hödürlenildi. Bu kompaniýa yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça ileri tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy hem-de innowasion çemeleşmäni ugur edinýän toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, dürli pudaklarda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de olar babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Şeýle hem gurluşygy dowam edýän Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça işläp taýýarlamalar teklip edildi.

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy milli Liderimize türk hyzmatdaşlaryna bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümini doly döwrebaplaşdyrmaga, durmuş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge tarap ugry amala aşyrmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz porty gözden geçirenden soň Halkara deňiz portuny gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, netijeli daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine berk ynam bildirdi. Bu syýasat ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline alyp barýan ýoluň ugrunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän döwrebap awtoduralganyň ýanynda saklandy. Bu ýerde hökümet agzalary we ýurdumyzyň Goranmak hem-de Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi döwlet Baştutanymyza deňiz ýakasyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, hususan-da, bu ýerde ýol-ulag düzüminiň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, bu ýerde döwrebap durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini belläp, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini nygtady.

Döwrebap ulag ýollarynyň gurulmagy möhüm wezipe bolup durýar, aýratyn-da, gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede ösdürilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň möhüm ähmiýeti bilen bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz tutuş sebitde bolşy ýaly, Türkmenbaşy şäherinde hem ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek meseleleriniň yzygiderli dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Harby-Deňiz flotunyň we Harby -Deňiz institutynyň işini Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipelere laýyk derejede kämilleşdirilmelidigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň durmuş düzümini ösdürmek, bu ýerde ösen halkara ölçeglerine kybap gelýän dynç alyş-şypahana ulgamyny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň jemini jemläp, deňizýaka ülkesini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirilen köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi. Şonuň üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi şu günüň möhüm talaby bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.

Degişli makalalar

Ulag-Hazarda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy

Ýurdumyzda Pagta Ýygymy Badalga Aldy

Fransuz Ylmy-Populýar Žurnaly-Türkmenistanda Geçirilýän Gazuw-Agtaryş Işleri Hakda