29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra Güni Mynasybetli Çärelere Gatnaşdy

Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.

Şu gussaly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

…Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaşdyrýar, emma geljekki nesilleriň nurana geljegi üçin janyny gurban eden Watan goragçylarynyň asylly işleri hem-de olar hakyndaky hakyda hemişelik galýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum gahryman watandaşlarymyzyň baky şöhratyna we edermenligine türkmenistanlylaryň häzirki nesilleriniň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Biziň gün-günden gülleýän Diýarymyzyň häzirki wagtda ýeten derejeleri, ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy Watanymyzyň iň gowy ogullaryna mynasyp ýadygärlikdir, olar öz zehini, döredijilikli zähmeti hem-de edermenligi bilen eziz Watanymyzy şöhratlandyrdylar, döwletimiziň kuwwatly, azat we garaşsyz bolmagyny arzuw etdiler.

Şu gün biz çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny ýatlaýarys.

Şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna ir säherden ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi geldi hem-de halkymyzyň hakydasynda “hiç kimiň unudylmaýandygyny, hiç kimiň ýatdan çykarylmaýandygyny” görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiziň ulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklandy, bu ýerde Hormat garawuly düzüldi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň owazyny “Keçpelek” sazy çalyşýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdy.

Mundan 70 ýyl ozal tebigy heläkçilik türkmen halkyna öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri — 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar häzirki wagta çenli ähli türkmenistanlylaryň kalplarynda saklanylýar, halk hakydasynda bu aýylganç tebigy hadysanyň pidasy bolanlaryň ählisi, biwagt şehit bolan watandaşlarymyz baradaky hakyda bakydyr.

Şol pajygaly oktýabr gijesi diri galanlara bu heläkçilik uly hasrat getirdi, göz açyp-ýumasy salymda türkmen paýtagtyny doly weýran etdi, diri galanlar çäksiz edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Umumy heläkçilik adamlary jebisleşdirdi. Olary ruhy taýdan birleşdirdi.

Çuňňur hasratyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz baş egýär. Tebigy heläkçilikleriň biri bolan şol aýylganç gijede milli Liderimiziň atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň uruş weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym

Berdimuhamet Annaýew hem wepat boldy.

Häzirki wagtda doly dikeldilen Aşgabat ak mermerli ajaýyp şäherdir, ol ajaýyp keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň nurana geljegi, ýaş nesilleriň bagtly durmuşy baradaky arzuwlaryny beýan edýär. Halkymyz agyr synaglary başdan geçirip, aşyklar şäheri Aşgabady gaýtadan dikeldip, paýtagtymyzy Ýer ýüzüniň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekanyna öwürdi.

Her bir türkmenistanly şeýle gysga döwrüň dowamynda gözümiziň alnynda bolup geçen beýik özgerişliklere buýsanýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna şatlanýar. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitiň ykrar edilen merjen şäherine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäheri bagy-bossanlyga bürenip, köşkleriniň altyn gümmezleri hem-de köp sanly suw çüwdürimleri bilen haýran galdyrýar, paýtagtymyzyň belent binalarynyň we desgalarynyň ençemesi hem-de paýtagtymyzyň hut özi dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Paýtagtymyz tutuş ýurdumyzy gurşap alan ägirt uly özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem alamaty bolup durýar.

…“Milletiň ogullary” ýadygärliginiň etegi gül desselerinden dolýar. Bu ýadygärlik Watanymyzyň garaşsyzlygy we azatlygy, milletimiziň mertebesi hem-de ar-namysy ugrunda başyny goýan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligine halk söýgüsiniň we sarpasynyň nyşanydyr.

Güýz gülleri adamzadyň taryhynda iň bir gazaply uruş bolan 1941 —1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň — gaýduwsyzlygy, esger borjuna wepalylygy we mähriban halkyna çäksiz söýgi görkezen hem-de söweşde wepat bolanlaryň hormatyna gurlan “Baky şöhrat” ýadygärliginiň mermer daşlarynyň ýüzüni özboluşly haly bolup örtdi.

1418 günläp dowam eden şol ot-ýalynly döwürde Türkmenistanyň halky hem doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtly durmuşynyň, tutuş adamzadyň azatlygynyň hatyrasyna adalatly we barlyşyksyz göreş üçin aýaga galdylar. Esgerlerimiziň müňlerçesi gaýratlylygyň we watansöýüjiligiň, halkymyzyň niýetiniň, maksada okgunlylygynyň hem-de ynsanperwerliginiň beýik mekdebini görkezip, front ýollaryny geçdiler. Olaryň köpüsi deňsiz-taýsyz batyrgaýlyklary hem-de gahrymançylyklary bilen Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalary ýazyp, Gahryman diýen beýik ada, ordenlere we medallara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watany goramakda we esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýratlylygy, batyrlygy we edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň “Edermenligi üçin” diýen ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.

Şol döwürlerden bäri onlarça ýyl geçen häzirki zamanada hem şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy kalplarymyzda gyzgyn seslenme bolup ýaňlanýar. Biz öz ildeşlerimize bolan buýsanç duýgularyna gaplanyp, olaryň ölmez-ýitmez edermenlikleriniň öňünde baş egýäris.

Ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül desselerini goýdular.

Çäreden soň hormatly Prezidentimiz we bu ýere ýygnananlar “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky sadaka bermek üçin niýetlenen ýere barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Hatyra düzgünlerini, ýatlama dessurlaryny berjaý etmegiň, öten-geçenlerimizi ýagşylykda ýatlamagyň merdana halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň biridigini belledi. Şu mizemez kadalar nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär. Ynsanperwerligi, belent ahlaklylygy görkezip, agzybirligi hem-de jebisligi berkidýär.

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimizi mynasyp dowam edýäris. Ine, şu gün hem asylly däbimize eýerip, Hatyra güni mynasybetli Garaşsyz ýurdumyzda ýatlama çärelerini geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylygyň we edermenligiň beýik nusgasyny görkezip, janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimizi, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy ýatlap, aýat-doga okalýandygyny, sadaka berilýändigini aýtdy.

Biz şu gün «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýduk. Ýowuz uruşlar, pajygaly tebigy betbagtçylyklar zerarly gurban bolan watandaşlarymyzyň ýagty ýadygärligini hatyraladyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz geçen XX asyrda türkmenistanlylaryň örän aýylganç tebigy hadysany başdan geçirendigini aýdyp, Aşgabat ýertitremesini ýatlady. Bu ýertitreme 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije bolup geçdi. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz üçin bu hadysa iň pajygaly wakalaryň biri boldy. Bary-ýogy 15—20 sekundyň içinde tebigy apat Aşgabat şäherini hem-de onuň töweregindäki obalaryň 40-dan gowragyny ýer bilen ýegsan etdi. Göz açyp-ýumasy salym dowam eden elhenç sarsgyn ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, kärhanalary, hassahanalary, institutlary, taryhy-medeni ýadygärlikleri haraba öwürdi. Şu pajygaly wakanyň mundan 70 ýyl ozal bolandygyna garamazdan, onuň öwezini hiç wagt dolup bolmaýar. Şol aýylganç gije 176 müň adamyň ömür tanapyny kesdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, ynsanperwerlik biziň halkymyza mahsus häsiýetlerdir, 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde ildeşlerimiz mertligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol ýowuz günlerde ruhlaryny belent tutup, müňlerçe adamy kesegiň astyndan alyp çykdylar. Diri galanlar hem-de lukmanlar tebigy apatyň ilkinji sagatlarynda örän agyr şertlerde ençeme ynsan ömrüni halas etdiler.

Halas ediş işleriniň, aradan çykanlary jaýlamagyň, ýaralylara kömek bermegiň, ilaty ilkinji zerur zatlar bilen üpjün etmegiň, jemgyýetçilik tertip-düzgünini goramagyň dogry guralmagy tebigy belanyň ýaramaz netijelerini azaltmaga mümkinçilik berdi. Merdana halkymyzyň başyna inen şu agyr pursatda doganlyk halklar hemmetaraplaýyn uly kömek berdi. Türkmen halky onuň üçin hemişe minnetdardyr.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, biziň saýlap alan ýolumyz gurmagyň we döretmegiň ýoludyr. Biz bu ýol bilen Garaşsyz döwletimizi bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýarys. Ýurdumyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

Senagat we önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, obalary we şäherçeleri gurýarys. Biz paýtagtymyz Aşgabat şäherini maksatnamalaýyn ösdürýäris, ony işewürligiň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň görelde merkezine öwürýäris diýip aýtdy.

Milli Liderimiz biz ajaýyp binalary gurmak bilen, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmünde abraýyny elmydama pugtalandyrarys diýip, Aşgabatda iň häzirki zaman hyzmat ediş desgalarynyň, şol sanda myhmanhanalaryň, seýilgähleriň, söwda merkezleriniň gurulmagyna geljekde hem aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Türkmen halky — müňýyllyklara uzaýan taryhynyň dowamynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli häsiýeti bilen özüni giňden tanadan halk. Merdana halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna, sungatyna siňen bu milli häsiýetler hakynda men «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabymda aýratyn durup geçdim diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

— Biz abadan we bagtyýar durmuşa uly sarpa goýýarys, parahatçylyk, dostluk däplerini rowaçlandyrýarys. Bitarap döwletimiziň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişlikdäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Sebäbi dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, dost-doganlygy pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklary täze derejelere çykarmak biziň esasy maksadymyzdyr. Ýaňy-ýakynda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda hem bu ýörelgelerimizi giňden beýan etdik diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz öten-geçenlerimiziň hatyrasyna berlen ýatlama sadakalarynyň, okalan aýat-töwirleriň, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy hem-de rowaçlygy üçin edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Goý, adamzady uly ýitgä sezewar edýän tebigy betbagtçylyklar hiç wagt gaýtalanmasyn!

Şehit bolan watandaşlarymyz hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda baky ýaşar!

Soňra hormatly Prezidentimiz tebärek çykmak üçin ýurdumyzyň müftüsine söz berdi.

Tebärek çykylandan soň, tagam çekildi. Duz-çörekden soň, aýat-töwir okaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öten-geçenlerimiziň ruhuna bagyşlap berlen sadakalaryň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi hem-de türkmen topragynda hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň we asudalygyň höküm sürmegini arzuw edip, ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün ýatlama dessurlary paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi we sadakalar berildi.

…Wepat bolanlary hatyralamak milletimiziň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Munuň özi nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolup, bize diňe bir gözbaşlary we däp-dessurlary gorap saklamaga däl, eýsem, taryhy tejribeleriň esasynda öz täze ykbalymyzy döretmäge, nurana geljegimizi gurmaga hem mümkinçilik berýär.

Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär, biziň ýaşlarymyza nusga almaga gymmatlyklar kändir — Garaşsyz Watanymyzyň azatlygyny goran edermen ata-babalarymyz hakyndaky şan-şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda bolan hatyra çäresi halkymyzyň hakydasynyň, Watanymyzyň batyrgaý ogullarynyň ölmez-ýitmez gahrymançylyklarynyň öňünde minnetdar nesilleriň çuňňur hormat goýmagynyň we tagzym etmeginiň alamatydyr.

Gurýan we döredýän agzybir halkymyz şu gün hem nesillerden-nesillere geçýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygyny we ahlak kämilligini üpjün etmek, medeni mirasa hormat goýmak, milli däp-dessurlary mynasyp dowam etmek biziň baş maksadymyzdyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanda halkara maýa goýum maslahaty geçirilýär.

syrach

Taýlandyň Ýygyndy Topary Dördünji Çempionlygyny Gazanmak Isleýän Ýaponiýanyň Futzal Ýygyndysynyň Öňünde Iň Uly Güýç Bolup Dur

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach