26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze Zaman” Ýaşaýyş Toplumynyň Täze Tapgyrynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze Zaman” Ýaşaýyş Toplumynyň Täze Tapgyrynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Şunda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň – durmuş syýasatynyň esasy ugrudygyny belleýär.

Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasynda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz şäherlerde we etraplarda maşgalalar üçin mynasyp ýaşaýyş – durmuş şertlerini üpjün etmegiň ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady. Hut durmuş ugry hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine saýlaw möwsüminiň barşynda maksatnamasynyň esasy bölegi boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň kesgitlän esasy wezipelerini gysga döwürde durmuşa geçirmegiň aýdyň mysalydyr.

Şundan ugur almak bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginlerde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalar we şäherçeler bina edilýär. Şeýle hem olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän merkezler gurulýar, dürli gulluklaryň, halk senetleri kärhanalarynyň, ulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümleriň işlemegi ýola goýulýar. Umuman, adamlaryň oňaýly ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Aşgabat şäherini gurşap alýan ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň we beýleki birnäçe ilatly ýerleriň paýtagtymyzyň düzümine birikdirilmeginiň hasabyna paýtagtymyzyň çäkleri iki essä golaý giňeldi. Şunuň bilen baglylykda, şäheri ösdürmegiň täze meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy, ol baş meýilnamanyň hem-de paýtagtymyzyň aýry-aýry etraplarynyň içgin meýilnamalaşdyrylmagynyň taslamalarynyň esasyny düzdi. Bu çözgüdiň kabul edilmegi Aşgabadyň ýanaşyk çäkleriniň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş üçin iň amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara syýasy, işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak maksadyna laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher düzümini ösdürmek we abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine ägirt uly üns berýär hem-de şunda Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň bu ulgamda gazanylan innowasiýa tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyndan ybaratdygyny nygtaýar. Soňky ýyllarda Aşgabat düýpgöter özgerdi, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna häzirki döwrüň halkara ölçeglerine kybap gelýän amatlyklar hem-de durmuş eşretleri döredilýär.

Tutuşlygyna ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi, belent köşk toplumlary, ajaýyp binalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlary, giň şaýollary hem-de meýdançalary türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de nurana geljegine okgunly hereketini alamatlandyrýar. Köpsanly gök zolaklar, seýilgähler, goýry saýaly we amatly seýilbaglar ajaýyp şäherimiziň mähremligini hem-de ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligini açyp görkezýär.

Häzirkizaman şäher düzümleriniň kemala gelmegi netijesinde, Aşgabat dürli derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň köpsanly gatnaşyjylary we myhmanlary ýygnanar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bina edilen täsin desgalaryň ençemesi halkara binagärlik bäsleşikleriniň ýokary sylaglaryna mynasyp boldy.

… Ir bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda ählihalk baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň telekeçiliginiň, jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimizi çäksiz ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Milli Liderimiz bu ýerde daşary ýurtly diplomatlar bilen görşüp, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň açyklyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan dostluk gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belläp, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze desgalary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşmaga çagyrdy.

Öz nobatynda daşary ýurtly ilçiler milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän döwlet we halkara ähmiýetli çärelere hem-de dabaralara gatnaşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra milli Liderimiz täze ýaşaýyş toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanyna bardy. Tolgundyryjy pursat gelýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nusgasyna öwrülen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk owazlary astynda şanly waka gatnaşyjylar bilen bilelikde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryna tarap ugraýar. Bu ýerde uly baýramçylyk ýagdaýy dowam edýär, oňa milli däp-dessurlary öz içine alýan döredijilik çykyşlary gaýtalanmajak özboluşly öwüşgin çaýýar.

“Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň jaýlaryny gurmagyň buýrujysy Aşgabat şäher häkimligi bolup durýar, onuň gurluşygyna hususy gurluşyk kompaniýalary – ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary çekildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli baýramçylyklar, şol sanda täze öýlere göçülip barylmagy mynasybetli dabaralarda hem milletimiziň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, gadymy, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlar berjaý edilýär. Bu gezekki dabaralary hem halkymyz özüne mahsus myhmansöýerlik we giň gerim bilen belleýär.

Täze ýaşaýyş jaý toplumlaryna alyp barýan ýoluň ugrunda baýramçylyk görnüşinde bezelen ak öýler dikildi. Ajaýyp halylar ýazylan sekilerde çeper elli zenanlar toý lybaslaryny, tahýalary keşdeleýär, nepis el işleri bilen meşgullanýar. Bu ýerde bagşylaryň owazy astynda gelin-gyzlar haly dokaýar, keçe basýar.

Bu ýerde şeýle hem halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Teatr artistleri beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Gadym döwürlerden bäri meşhur saz guraly hasaplanylýan gopuzda saz çalýan gelin-gyzlar däbe öwrülen milli “Läle” aýdymyny ýerine ýetirýär.

Şeýle hem bagşylaryň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň sözlerine “Türkmeniň” atly aýdymyň ýaňlanmagy dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerde guralan dabaralaryň dowamynda ýaş tüýdükçiler toparynyň ussatlygy sazandalaryň zehininden habar berýär.

Bu ýerde pälwanlar göreş tutýar, milli oýunlar oýnalýar, tomaşaçylaryň şowhuny astynda “Aziada” sazly kompozisiýa bilen utgaşdyrylan sport çykyşlary ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň belli sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara gaýtalanmajak, dürli öwüşginli äheň berdi. Artistleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlar ýaňlandy, olar häzirki döwrüň estrada owazlary bilen sazlaşygy emele getirdi…

Häzirki zaman ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. 2014-nji we 2016-njy ýyllarda Ruhabat etrabynda “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň birinji, ikinji we üçünji nobatdakylarynyň açylyş dabaralary boldy. Şu döwrüň içinde bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 1 müň 828-si, Geňeşligiň edara binasy, saglyk hem-de medeniýet öýleri, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumy, söwda merkezleri we dükanlar, “Toý mekany”, durmuş hyzmaty öýi, ýangyna garşy edara binasy, aragatnaşyk edarasy, metjit hem-de birnäçe seýilgäh toplumlary guruldy.

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda ýaşaýyş jaý maksatnamasy batly depginler bilen durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksady şäher ilatyny döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bolup durýar. Şol jaýlara bolsa isleg yzygiderli artýar. Häzirki wagta çenli “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilen jaýlaryň 1 müň 536-syndan 384-si gurlup ulanylmaga berildi.

Bir gatly jaýlaryň 320-sinde we iki gatly jaýlaryň 64-sinde ähli amatly şertler döredilendir, jaýlaryň giň otaglarynda häzirkizaman mebelleri goýlupdyr, aşhanalar enjamlaşdyrylypdyr, eýwanlar göz öňünde tutulypdyr. Täze ýaşaýyş jaýlary türkmen halkyna mahsus bolan durmuş aýratynlyklary nazara alnyp bina edildi. Her bir öýüň çäginde mellek ýerleri, şol sanda ekin ekmek, mal saklamak, awtomobil üçin ýörite bina, tamdyr we beýleki zerur inžener-tehniki düzümler göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap ýaşaýyş toplumynyň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz olaryň ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada pikirlerini sorap, ýaşululara we enelere halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ähli amatlyklary özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaýa göçüp gelen ýokary sport ussatlygy mekdebiniň mugallymy, dzýudo boýunça tälimçi Tahyr Amandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda edýän aladalary, häzirki zaman abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyna eýe bolmak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi öýüne çagyrdy.

Täze jaýyň howlusynda baýramçylyga mahsus dabara gurnalypdyr. Bu ýerde bagşylar ussatlygyny görkezýärler, tamdyrlarda çörek bişirilýär. Türkmeniň myhmansöýerlik däbine görä, öý eýeleri hormatly myhmanlara çörek hödürleýärler. Bu ýerde däp boýunça gelin toýunyň öň ýanynda berjaý edilýän “atgulak asmak” däbi ýerine ýetirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlarymyz täze röwüşe eýe bolup, häzirki zaman ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylýar, şunda bu ajaýyp maşgala däp-dessurynyň ruhy saklanylýar…

Hormatly Prezidentimiz öňi bilen täze jaýyň gurluş we bezeg aýratynlyklary, otaglarynyň ýerleşdirilişi bilen tanyşdy. Iki gatly bäş otagly döwrebap ýaşaýyş jaýynda durmuş ulgamynyň ähli düzümleri üpjün edilipdir. Otaglaryň ýagtylygy, giňligi, her otagyň ähmiýetine görä bezegi, aşhana otagynyň enjamlaşdyrylyşy häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyna bildirilýän ýokary durmuş talaplaryna doly kybap gelýär.

Öý eýesi maşgalasynyň adyndan, “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylarynyň adyndan bu dabaralara hut özüniň gatnaşýandygy, türkmen halkynyň, ösüp gelýän nesliň abadan durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň işjeň ösdürilýändigini, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikler gazanýandyklaryny belledi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda T.Amandurdyýewe bu ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýyny almak bagty miýesser etdi. Milli Liderimize eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine yhlasly zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, türgenlerimiziň Aziada-2017-de söweş sungatlary boýunça ýaryşlarda ýokary netijeler görkezip, ýeňiş münberine çykmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Amandurdyýewleriň maşgalasyny täze jaýa göçüp gelmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, olaryň döwrebap jaýlarda uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar ömür sürmegini we Watanymyzyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu günki dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara we ak gyňaçly enelere ýurdumyzda guralýan dabaralarda möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi, her bir adamyň halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýaşulularyň baý durmuş tejribesiniň halkymyz üçin nusga alarlyk paýhas mekdebidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda halallygy, päk zähmeti ündemegiň ýaşuly nesliň mukaddes borjudygyny, olaryň bu ýörelgä eýerýändigini nygtap, ýaşulularyň we ak gyňaçly eneleriň ýaşlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini we olaryň bu işi yzygiderli dowam etjekdigini belledi hem-de olara üstünlik arzuw etdi. Şol işleriň baş maksady ýaşlarda Watana bolan söýgi, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete ygrarlylyk, sagdyn durmuş ýörelgesine we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga ymtylmak ýaly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz öý eýeleri bilen hoşlaşyp, olara bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli täze öýüň eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze desgalar bilen tanyşmagyny dowam etdi. Milli Liderimizi ähli ýerde “Täze zamanyň” ýaşaýjylary şatlyk bilen garşylaýarlar. Her bir öýüň ýanynda artistler, döredijilik toparlary çykyş edýärler. Aýdymlar hem-de goşgular ýaňlanýar, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň –“Halat geçdi”, “Ak aş toýy”, “Diş we galpak toýy”, “Guşak çözdi” ýaly sahnajyklary ýaýbaňlandyrylýar.

Dabaranyň myhmanlaryna däp boýunça tagamlar hödür edilýär. Ýaşajyk suratkeşler bu dabaranyň ýatdan çykmajak pursatlaryny kagyza geçirýärler. Täze jaýlaryň birinde myhmanlar gullukdan gaýdyp gelen esgeri şatlykly garşylaýarlar.

Akkordeonçylaryň, deprekçileriň we ýaşajyk skripkaçylaryň toparlary öz ussatlygyny görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş toplumy bilen tanyşmagyny dowam edip, beýleki desgalary synlaýar. Her öýüň howlusynda dabara gatnaşyjylaryň öňünde türkmen toýunyň däp-dessurlary ýaýbaňlanýar, öýlenýän ýigidiň öýüne gelin alyjy gelýär. Bu “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy mynasybetli dabaralara aýratyn öwüşgin çaýýar, bu ýerde täze jaý bilen bilelikde ýaş maşgalanyň emele gelmegi mynasybetli toý boldy. Myhmanlara pişme we beýleki milli tagamlar hödür edilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde bina edilen iki çagalar bagynyň birine tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda gurulýan ähli mekdebe çenli çagalar edaralary hem-de umumybilim berýän mekdepler hökmany öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman multimediýa we interaktiw enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine ýardam berýär, olara halkara derejesinde bilim almaga mümkinçilik açýar.

Çagalar bagynda terbiýelenilýän körpeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şadyýan sahnajyk hem-de joşgunly aýdym bilen garşylaýarlar.

Şu gün bu çagalar bagynyň körpeleri üçin uly baýramçylykdyr. Olar milli Liderimizi we köpsanly myhmanlary Gahryman Arkadaga, eziz Watanymyza çuňňur söýgini beýan edýän çykyşlar bilen garşylaýarlar. Bu ýerde işleýän terbiýeçiler hem çagalaryň şatlygyna we ruhubelentligine goşulyp, milli Liderimize körpe nesliň sazlaşykly ösmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar çagalygy hakynda atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynda körpeler üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz oýun oýnalýan zala barýar, bu ýerde çagalar milli Liderimize okamak, ösmek üçin ähli şertleri döretmek ugrunda hemişelik aladasy üçin hoşallyk bildirýärler. Hormatly Prezidentimiz çagalary täze binanyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, körpeleriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşýär.

Täze binada kompýuter synp otagy hem göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde bilim ugurly öňdebaryjy programma üpjünçiligi bolan häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny özgertmegiň dil öwrenmek ýaly möhüm ugruna aýratyn üns berilýär. Ine, bu ýerde hem çagalar ýörite maksatnamalaryň kömegi bilen daşary ýurt dillerini uly höwes hem-de gyzyklanma bilen öwrenýärler.

Döwlet Baştutanymyz 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşyny synlap, körpeler bilen gürrüňdeş boldy, täze ýaşaýyş toplumynyň galdyran täsirleri, olaryň arzuwlary we maksatlary bilen gyzyklandy. Çagalar bagynyň gurluşykçylary taslamaçylar bilen bilelikde bu ýerde körpeler üçin rahat hem gyzykly bolar ýaly ähli tagallalary edipdirler. Çagalar bagynyň ýaşajyk eýeleri üçin kompýuter we lingafon synp otaglary, döredijilik merkezleri, ýumşak çaga mebeli bilen üpjün edilen giň we ýagty ýatylýan otaglar, sport we aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin zallar, ýüzülýän suw howdany, naharhana, lukmançylyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäginde tomus dynç almak üçin telärler hem-de degişli enjamlar bilen üpjün edilen oýun meýdançalary ýerleşýär.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde çagalaryň wagtyny şadyýan, işjeň hem-de şol bir wagtda peýdaly geçirmegi, soňra bolsa okuwa taýýarlanmagy, başlangyç bilimleri hem-de başarnyklary, şol sanda kompýuter sowatlylygy özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze çagalar bagynda döredilen şertler bilen tanyşlykdan soň, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Çagalar bagynyň işgärler toparyna işlerinde uly üstünlikler, körpelere bolsa ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumynyň seýilgäh zolagyna tarap ugraýar. Bu ýerde seýilgäh üçin ýörite ýer bölünip berlipdir. Tutuş ýoluň dowamynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlanýar.

“Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň durmuş ähmiýetli desgalarynyň biri hem Saglyk öýüdir. Bu ýerde näsaglara lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumy hödürlenýär. Munuň üçin ýörite zerur otaglar, şol sanda terapewtika, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, bejeriş otaglary, şeýle hem rentgenoskopiýa, UZI, EKG, maşgala lukmanlarynyň kabul ediş otaglary, barlaghana, gündizki bejeriş otaglary göz öňünde tutulandyr. Saglyk öýünde lukmançylyk işgärleri hem-de näsaglar üçin amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde howanyň çalşygy, özbaşdak ýylylyk, suw we energiýa üpjünçilik ulgamy hereket edýär. Saglyk öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr.

Ýakynda 600 okuwça niýetlenen täze mekdep ýerleşýär. Onda oba ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim almagy, beden we ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

Iň kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin we dürli okuw derslerini – matematikany, fizikany, biologiýany, himiýany we beýlekileri öwrenmek üçin niýetlenen synp otaglary interaktiw enjamlar, görkezme okuw esbaplary bilen üpjün edilipdir. Ýörite enjamlaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary bar. Şeýle hem mekdep okuwçylaryna zähmet terbiýesini bermek üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Degişli enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary hem-de bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalar okuwçylaryň ygtyýarynda bolar.

Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli seýilgähde ilkinji agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň emele gelmegine badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine dabara gatnaşyjylaryň ählisi uly ruhubelentlik bilen goşulýarlar. Ýene birnäçe ýyldan soň, oturdylan agaçlar öser hem-de şu gün düýbi tutulan seýilgäh “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylarynyň dynç almagy üçin iň halaýan künjekleriniň birine öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýlere göçüp gelenlere ýene bir gezek jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Umuman, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze desgalarynyň ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň – milli Liderimiziň syýasatynyň dabaralanýan zamanasynyň aýdyň alamatyna öwrüldi, halkymyzyň abadançylygy bu syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Şu günki guralan dabaralar parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň iň täze taryhynyň ýene bir şanly wakasydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistan’ın Yeni Elçisi Basın Mensuplarıyla Bir Araya Geldi

syrach

Baku 2017 Tamamlandan Soňra Türgenler Aşgabat 2017-ä Taýýarlyk Görüp Başlaýarlar

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisinde Ýanwar Aýynda Harby we Hukuk Goraýjy Edaralarynyň Alyp Baran Işleriniň Netijeleri Seljerildi