15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-Ministri Türkmen-Gruzin Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Barada Pikir Alyşdylar

Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-Ministri Türkmen-Gruzin Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Barada Pikir Alyşdylar

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hem-de abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň netijelerine kanagatlanma bildirdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň hoşniýetli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, gruzin tarapy bar bolan mümkinçilikleri we geljekki ugurlary nazara alyp, Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şunda Gruziýanyň biziň ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän halkara hyzmatdaşlyk meseleleri babatda eýeleýän ornuna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz öz gezeginde gruzin kärdeşine mähirli arzuwlaryny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi hem-de deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň umumylygynyň ýa-da ýakynlygynyň ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, hil taýdan täze derejä çykmak üçin ygtybarly binýady emele getiren türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildiriýän pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňliginiň, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegine, dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işiniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň bar bolan dürli mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler bu toparyň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky üçünji mejlisiniň gün tertibine girizildi. Oňa gatnaşmak üçin Gruziýanyň wekilçilikli topary paýtagtymyza geldi.

Energetika we ulag pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi babatdaky başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi.

Iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň gyzyklanmalarynyň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatlyklaryny herekete girizmek bilen ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga amatly şertleri döredýär. Bu bolsa sebitara goşulyşmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin täze giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hem-de myhman däp bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda ylym-bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň hem-de bu ugurda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň premýer-ministri milli Liderimizi Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, şeýle giň möçberli çäreler sebit möçberinde çäklenmeýär. Ol ählumumy ölçegde döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak gatnaşyklarynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegini şertlendirýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Giorgi Kwirikaşwili özara bähbitli türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistan Anyk Ýörelgeler Esasynda Dünýä Energetika Giňişligindäki Ýygjam Gatnaşyklara Taýýar

Talyplar Futzal Meýdançasynda

«Altyn Top» Ýaryşy

turkmenhabargullugy