13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hormatly Prezidentimiziň Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Täze Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir watandaşlarymyza we köpsanly myhmanlara Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, täze kitaby milli Liderimiz geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara gowşurdy.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahatyna gelen delegatlar bar.

Täze kitapda Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly taryhynyň ýyl ýazgysy beýan edilýär. Şeýle hem bu neşirde diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi 
nukdaýnazardan garaşsyzlyk eýýamynyň wakalary beýan edilýär. 

Milli Liderimiz täze eserini “Çärýek asyr—taryhyň bir pursaty” atly sözbaşy bilen açýar. Taryh häzirki döwrüň gymmatlyklaryna we geljegine doly hem-de hemmetaraplaýyn göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hut şu nukdaýnazardan görnükli syýasatçy, alym Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy döwründe geçen ýoluna, ýurdumyzyň täze taryhyna halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň, milli aň-ösüşiniň, halkymyzyň erkinlige eýe bolmagynyň nukdaýnazaryndan baha berýär. Çärýek asyrlyk ýol türkmen halkynyň ykbalynda giň möçberli özgertmeleri özünde jemleýän pursat boldy. Garşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler geljekki beýik ýeňişleriň binýadyna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz täze kitabynda belleýär.

Milli Liderimiz eseriň dowamynda jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen döwlet özygtyýarlylygynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Munuň özi milli we ruhy gymmatlyklaryň galkynmagynda, durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmeginde, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasynyň döredilmeginde has-da ähmiýetlidir. 

Döwlet Baştutanymyz geçilen taryhy ýoly Türkmenistanyň ynsanperwer halkara syýasatynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýän garaşsyzlygyň ygtybarly sütüni bolan bitaraplyk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilmegini möhüm waka hasaplaýar. Halkara derejesinde ykrar edilen bitaraplygyň syýasy-hukuk derejesi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik merkeze öwrülmeginde, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, jemgyýetiň ruhy-medeni ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belleýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri, raýatlaryň abadançylygynyň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada anyk maglumatlary getirýär.
Kitapda garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşaýyş jaý hem-de durmuş maksatly binalary gurmak boýunça döwlet maksatnamalary hakynda gürrüň berilýär. Şeýle hem täze neşirde elektron senagatyň döredilişi, ulag we maglumatlar tehnologiýasy pudagynyň ösüşi, ýurdumyzyň eksporta ugradýan harytlarynyň möçberleriniň artyşy hakynda beýan edilýär. Şeýle hem onda durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlary kämilleşdirmek, hususy telekeçilige goldaw bermek bilen baglanyşykly çäreler möhüm orun eýeleýär. Täze neşiriň käbir sahypalary ýurdumyzyň daşary döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. 

Taryhy beýan etmeleriň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz ýaş döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy döwründe mähriban halkymyzyň ýeten derejeleriniň, gazanan üstünlikleriniň hemmesini sanamagyň mümkin däldigini belleýär. Şeýle-de bolsa döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünliklerine, milli ykdysadyýetimiziň, jemgyýetçilik durmuşynyň okgunly ösüşine ýokary baha berip, hemmetaraplaýyn ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döredendigimizi buýsanç bilen aýtmalydygyny belleýär. Özygtyýarly ýurdumyz ähli ulgamlarda ýokary netijeleri gazandy we belent sepgitleri eýelemegini dowam edýär.

“Türkmenistan” atly kitap mähriban Watanyň we halkyň ykbaly bilen baglanyşykly örän jogapkärçilikli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýän watansöýüji, ynsanperwer we paýhasly syýasatçy hasaplanýan milli Liderimiziň özboluşly eseridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy we işi mähriban topragy, halky we onuň arzuwlary, Watanymyzyň şöhratyny has-da belende götermek ýaly ýörelgeler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiz öz halkyna ýüzlenip şeýle diýýär: “Dünýäde adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladadan beýik maksat ýokdur. Eger sen bu asylly işe azajyk hem bolsa goşant goşmaga ýetişen bolsaň, onda sen bagtly adamsyň. Men öz halkyma müň kerem borçlydyryn. Biziň Watanymyzyň durmuş ýolunyň şu çärýek asyrlyk döwründe döwlet ähmiýetli giň möçberli işlere dahylly bolmak maňa miýesser etdi”. 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň geçen ýoluna anyk we ylmy taýdan berilýän baha çeper beýan etmek bilen utgaşýar. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan başlap, onuň çuňňur many-mazmuna eýedigi duýulýar. 

Kitapdaky fotosuratlar Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, ajaýyp tebigaty, egsilmez gymmatlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan hem-de ösüşine we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan dünýewi demokratik ýurdumyz hakynda giňişleýin gürrüň berýär. Suratlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply işini, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň oňyn ugruny we ynsanperwer ulgamyny, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň sazlaşygyny we döwrüň ruhuny açyp görkezýär.

“Türkmenistan” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu neşiriň alymlar üçin bolşy ýaly, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň taryhy ähmiýetini açyp görkezýän möhüm resminamadygyny bellediler.

Bu ýerde çykyş edenler täze neşiriň ilkinji nobatda ýaşlar üçin ägirt uly ylmy we terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem “Türkmenistan” kitaby ýurdumyzyň täze taryhyna, onuň Garaşsyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň işi bilen berk baglanyşykly giň möçberli üstünliklere bagyşlanan bahasyz gymmatlykdyr. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada yzygiderli tagalla edýär diýip, bu ýere ýygnananlar bellediler. 

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda oňa gatnaşyjylara döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan” atly täze kitaby sowgat berildi. 

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözleri we arzuwlary aýdylýar.
Bu ýere ýygnananlar öz öňlerinde türkmen halkynyň beýik taryhy mirasyny öwrenmek we wagyz etmek, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemek ýaly mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

“Mekan” köşgüniň sahnasynda ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň we sazandalarynyň belent ruha beslenen çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar Garaşsyz Watanymyza bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Täze taryhy eýýamy esaslandyran we uly üstünliklere ruhlandyrýan milli Liderimize, mähriban Watanymyzyň şöhratly pursatlaryna bagyşlanan “Türkmenistan—şöhrat-şanyň Arkadag” atly joşgunly aýdym dabaranyň jemini jemledi. 

Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň baý medeni mirasy, taryhy barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyryldy. 

Sergide milli Liderimiziň ylmy işlerine we çeper eserlerine möhüm orun berlipdir. Täze “Türkmenistan” atly kitap has-da görnükli ýerde goýlupdyr. Şeýle hem Diýarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerini, ýeten derejesini beýan edýän köpsanly neşirler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda gürrüň berýär. Milli golýazmalar instituty özüniň gaznasyndan ajaýyp gymmatlyklary görkezdi. Şeýle hem sergide halk senetkärçilik önümleri görkezilýär. Suratkeşleriň eserlerinde milli mirasy saklamak mowzugy aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem dokma pudagynyň gazanan üstünliklerine, şol sanda Aziada-2017 üçin niýetlenen sport lybaslaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň“Türkmenistan” atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary poligrafiýa usulynda çap edildi.

Degişli makalalar

Migrasiýa gullugynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach